Мы в Telegram
Добавить новость

В Москве произошла стрельба во время массовой драки, двое пострадали

На Российском нефтегазохимическом форуме в Уфе компания из Москвы представила разработки в приборостроении

В CША кот получил степень доктора литературы в Университете Вермонта

Курс доллара опустился ниже 90 рублей

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Bugdaýa ideg işleri: Ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi kadaly gögerişe böwet bolýar

Bugdaýa ideg işleri: Ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi kadaly gögerişe böwet bolýar

Şu günler Türkmenistanyň ekerançylyk meýdanlarynda güýzlük bugdaýa ideg etmek işleri dowam edýär. Ideg işleri ösüş suwuny tutmak we ekinleri mineral dökünleri bilen iýmitlendirmek ýaly çäreleri öz içine alýar. Bu aralykda, gallaçy kärendeçiler ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginden şikaýat edýär.

Kärendeçiler ýurduň günorta-gündogar sebitlerinde, hususan-da, öňki Oguzhan etrabynyň çäklerinde ýerleşýän bugdaý meýdanlarynyň köp böleginde kadaly gögerişiň alynmandygyny aýdýarlar.

“[Öňki] Oguzhan etrabynyň golaýynda ýerleşýän ekin meýdanlarynyň köpüsinde bugdaý gögerip bilmändir. Suw ýetmezçiligi oba hojalygyna geçen ýyllardakysyndan hem has köp zyýan ýetirdi” diýip, ýerli daýhanlar aýdýarlar.

Öňki Oguzhan etrabynyň territoriýasyny Garagum derýasy kesip geçýär. Şeýle-de, etrabyň çägine ýanaşyk sebitlerde Oguzhan suw howdany ýerleşýär.

Ýöne ýanwaryň ortalarynda Türkmenistana adatdan daşary sowuk howa akymynyň aralaşmagynyň yz ýany, Garagum kanalynda buzluklar emele geldi. Bu aralykda, häkimiýetler we ýerli ýaşaýjylar suw joşmalary bilen bagly howpuň arasynda kanalyň kenarlaryny götermek işlerine bat berdi.

Howanyň maýlap başlamagy bilen, fewralyň ortalarynda Garagum derýasynyň Mary welaýatynyň çäginden geçýän böleginde derýanyň suwy akymyny üýtgedip, bölekleýin çölüň içine tarap akyp başlady. Bu ýagdaý häkimiýetleri we ýerli ýaşaýjylary akymyny üýtgeden suwuň öňüni baglamaga mejbur etdi.

Munuň yz ýany, fewralyň ahyrlaryna çenli Garagum kanalynyň ugrunda ýerleşýän köp sanly beýleki sebitde ekerançylyk suwlarynyň ýiti ýetmezçiligi ýüze çykdy.

“Garagum kanalynda takmynan bir aý ýaly suw bolmady. Şol wagtlar ýaňy bir ekişi tamamlanan bugdaý meýdanlaryna suw gerek boldy. Fewral aýynyň ahyrlarynda kanala suw goýberildi. Ýöne ekin meýdanlaryna bölünip berlen ekerançylyk suwlary kärendeçilere ýetmedi. Suw akabalarynda bir-iki gün töweregi suw boldy, ýöne bu suw bilen bugdaý meýdanlaryny suwarmaga ýetişip bolmady” diýip, maryly daýhanlar aýdýarlar.

Şol bir wagtda, ýerli häkimiýetler kadaly göregiş alynmadyk bugdaý meýdanlaryna gaýtadan bugdaý tohumyny sepmegi tabşyryk berýärler. Daýhanlar şeýle talaplaryň bugdaýyň giç ýetişmegine getirjekdigini aýdýarlar.

Oguzhan etraby 2022-nji ýylyň noýabrynda ýatyryldy we onuň bir bölegi Murgap etrabyna beýleki bölegi Sakarçäge etrabyna birikdirildi.

Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeş bolan ýerli daýhanlar ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiligi zerarly, oba hojalyk önümçiliginden netije alyp bilmeýändiklerini aýdýarlar.

“10 gektarlyk kärende ýerimi nasos bilen ýaplardan suw çekip, suwarjak boldum. Ýöne ýapda suwuň derejesi pes bolansoň, suw çykmady. Çöllük ýerlerde suw üpjünçiliginiň ýagdaýy gaty kyn” diýip, ýerli daýhan aýtdy.

Şu ýyl Türkmenistanda bugdaý üçin bölünip berlen 690 müň gektar meýdandan 1 million 400 müň tonna galla hasylyny almak göz öňünde tutulýar.

Ahal welaýaty 400 müň, Mary welaýaty 345 müň, Lebap welaýaty 310 müň, Daşoguz welaýaty 265 müň we Balkan welaýaty 80 müň tonna däne hasylyny ýygnamak bilen borçlandyryldy. Bugdaý ekişine sentýabryň başlarynda badalga berildi.

Ýöne maryly kärendeçiler ekerançylyk suwlarynyň ýetmezçiliginiň, galyberse-de, gögeriş alynmadyk meýdanlarda bugdaý tohumlarynyň gaýtadan ekilmeginiň tabşyrylmagynyň öňümizdäki hasyla oňaýsyz täsir ýetirjekdigini çaklaýarlar.

Orak möwsüminde häkimlikleriň işgärleri bugdaý planyny doldurmak üçin heniz çig, ýetişmedik dänäni göklügine ýygdyrýarlar. Bu bolsa, zaýaçylyk, kagyz ýüzünde plan dolsa-da ammarlar boş galýar diýip, maryly bir oba hojalyk hünärmeni Azatlyk Radiosynyň habarçysy bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.

Bu aralykda, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 13-nji martda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirip, welaýat häkimleri bilen sebitlerde oba hojalyk işleriniň alnyp barlyşyny maslahat etdi. Sebit ýolbaşçylary möwsümleýin oba hojalyk işleriniň, şol sanda bugdaý ekilen meýdanlarda ösüş suwuny tutmak işleriniň ählisiniň agrotehniki kadalara laýyklykda alnyp barylýandygyny öňe sürdüler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Блинкен заявил, что народ Ирана выиграл от гибели президента Раиси

Актриса Светлана Немоляева призналась, что впервые заболела ковидом

Архитектор Алексей Тимофеев заявил, что ИИ помогает в поиске формы

Курс доллара опустился ниже 90 рублей

Музыкальные новости

Выставка славянских истоков «В бессмертье уходит всеведенье литер простых»

Июньские дни духовности: Православные праздники месяца от ясновидящей Галины Янко

"Спартак" обыграл "Рубин" со счетом 3:1

Активиста Булатова оштрафовали на 50 тысяч рублей за дискредитацию армии

Новости России

Lipatov Sound заявил о выходе нового трека “Red City”

Бумажные повестки на военные сборы в Москве выдали за новую волну мобилизации

Вирусолог Малинникова развеяла миф о легкой переносимости ОРВИ летом

Курс евро рухнул ниже 98 рублей на фоне укрепления рубля

Экология в России и мире

Российские туристы встретились с таджикскими строителями в Новой Зеландии и были удивлены их жизни и ответами на вопросы

Азербайджанцев оправдали за убийство спортсмена Евгения Кушнира в Самарской области. Делом заинтересовался глава Следкома РФ А. Бастрыкин

Почему употребляющим алкоголь и желающим похудеть надо каждый день пить томатный сок: раскрыта его невероятная польза

Команда ювелирной сети «585*ЗОЛОТОЙ» приняла участие в благотворительном забеге от фонда «Антон тут рядом»

Спорт в России и мире

Рыбакина узнала свое место в новом мировом рейтинге

Сумасшедший матч «Реала», Медведев опустился в рейтинге ATP. Главное к утру

Арина Соболенко сняла траур по Кольцову и завела новые романтические отношения

Теннисиста Медведева выбили из топ-4 ATP

Moscow.media

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

Сотрудник Дубненского отдела вневедомственной охраны Главного управления Росгвардии по Московской области встретился с учащимися МОУ СОШ №1

MONT расширил продуктовую линейку ИБ-решений при поддержке «Сайберпик»

Подтверждена совместимость облачной платформы SpaceVM и операционной системы AlterOS











Топ новостей на этот час

Rss.plus






На Российском нефтегазохимическом форуме в Уфе компания из Москвы представила разработки в приборостроении

В Москве из университета эвакуировали примерно 70 человек в связи с задымлением

В Москве произошла стрельба во время массовой драки, двое пострадали

Блинкен заявил, что народ Ирана выиграл от гибели президента Раиси