Türkmenistanda metbugat we söz azatlygyny berk çäklendirmekde tankyt edilýän türkmen häkimiýetleri ýurduň Daşary işler ministrliginiň ýanynda milli habar beriş serişdelerinden düzülen metbugat toparyny (Press pool) döretmegi teklip etdiler. Bu barada, daşary işler ministri Raşit Meredow 20-nji oktýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde çykyş etdi. Mejlisiň dowamynda mundan başga-da, Türkmenistanda ýerleşýän diplomatik wekilhanalaryň media ulgamyna jogapkär hünärmenleri bilen hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek... Читать дальше...
Eýranda fabrika işgärleri we dükan eýeleri 22-nji oktýabrda iş taşlaýyş geçirdiler. Bu mundan alty hepde ozal Mahsa Amininiň baş örtgüsini “nädürs” geýendigi üçin saklanyp, soňra-da tussaglykda ýogalmagyndan soň tutuş ýurt boýunça tutaşan protestleriň arasynda geçirildi. 22 ýaşly Amininiň ölümi Eýranda soňky ýyllaryň dowamyndaky iň iri protestleriň döremegine itergi boldy. Ýaş gelin-gyzlar bu hereketleriň başyny çekip, öz baş örtgülerini aýyryp, hökümete garşy şygarlary gygyrdylar. Bu protestleri basyp ýatyrmak çäreleriniň dowamynda... Читать дальше...