Türkmen migranatlarynyň meseleleriniň çözülmegini sorap çykyş edýän we türkmen häkimiýetlerini tankyt edýän aktiwistiň ogluna Stambulda hüjüm edildi. 28 ýaşly Şamil Gurbandurdiýew, pasport almak üçin Stambuldaky türkmen konsullygyna ençeme gezek şowsuz ýüz tutan müňlerçe türkmen raýatynyň biridir. Maşgala Şamiliň ýenjilmegi, şeýle-de wakadan soň ýüze çykan gumürtik ýagdaýlaryň ençemesi sebäpli polisiýa ýüz tutdy. Azatlyk Radiosynyň habarçysy Ahmet Rahmanow bu ýagdaýlaryň jikme-jiklikleri barada Stambuldan habar berýär.
Mary welaýatynda penşenbe güni, 20-nji oktýabrda irden öwsüp başlan şemal, soňy bilen güýçlenip ýele öwrüldi we öýläne çenli dowam etdi. Ýeliň netijesinde welaýatyň ençeme obasynda ilata berilýän elektrik energiýasynyň üpjünçiliginde bökdençlik döredi.
Dünýä Türkmenleriniň bu sany türkmen we özbek liderleriniň soňky bäş ýylyň dowamynda iki ýurduň arasynda amala aşyran döwlet, resmi we iş saparlarynyň täze hronologiýasyna we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky integrasiýa tagallalaryna gönükdirilýär.
Bütindünýä saglyk guramasynyň Siriýadaky edarasynyň işgärleri özleriniň asly türkmenistanly başlygynyň millionlarça dollary bisarpa dolandyrandygyny, hökümet işgärlerine kompýuterler, altyn teňňeler we awtoulaglar ýaly sowgatlary paýlandygyny we COVID-19 ýurda ýaýranda özüni biperwaý alyp barandygyny öňe sürdüler. Bu barada "Amerikanyň sesi" (VOA) neşiri "The Associated Press" (AP) habar gullugyna salgylanyp, 20-nji oktýabrda habar berdi. "'The Associated Press' (AP) habar gullugy tarapyndan ele salnan 100-den gowrak gizlin resminama... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 21-nji oktýabrda iki ýurduň arasynda strategiki hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak barada jarnama gol çekdi. Bu barada Türkmenistanyň döwlet habarlar agentligi (TDH) we Özbegistanyň prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär. Özbek prezidenti türkmen kärdeşiniň çakylygy boýunça iki günlük resmi sapar bilen Aşgabatda bolýar. Saparyň çäklerinde iki ýurduň döwlet baştutanlarynyň arasynda 21-nji oktýabrda Aşgabadyň... Читать дальше...
Eýranyň Mugallymlar bileleşigi "adalaty gözleýänleriň adalatsyzlykda dökülen gany we eýranly studentleriň namartlarça öldürilmegi" sebäpli iki günlük ýas çäresiniň geçirilýändigini yglan etdi. Mugallymlar sindikatlarynyň utgaşdyryjy geňeşi 20-nji oktýabrda çap eden beýanatynda golaýda hökümete garşy geçirilen protestleriň “dowamly basylyp ýatyrylan” wagtynda häkimiýetleriň “şu wagta çenli bir topar okuwçynyň we çaganyň şirin janyny iň rehimsiz ýagdaýda alandygyny” aýtdy. Geňeş öň telegramda 16... Читать дальше...
Prezident Serdar Berdimuhamedow 20-nji oktýabrda Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrliginiň işini bes edip, onuň binýadynda Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetini döretmek baradaky karara gol çekdi. Türkmen sportunyň dünýädäki abraýyny belende götermek, ilaty köpçülikleýin sport bilen meşgullanmaga giňden çekmek üçin döredilen ministrlik indi, sagdyn durmuş ýörelgelerini has-da ýaýbaňlandyrmak maksady bilen, döwlet komiteti hökmünde işlär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň prezident bolan ýyllarynda sport desgalaryny gurmak... Читать дальше...