Polisiýanyň we şaýatlaryň habar bermegine görä, Indoneziýada geçirilen futbol ýaryşynda janköýerler bilen polisiýanyň arasynda bolan çaknyşykdan soň dörän basa-baslykda azyndan 174 adam öldi. Gündogar Jawada 1-nji oktýabrda bolup geçen waka, ölenlerden başga-da köp adamyň ýaralanmagy bilen, dünýäde şu wagta çenli ýüz beren iň erbet sport betbagtçylyklarynyň biri boldy. Basa-baslyk ýaryşyň geýän ýeriniň eýesi bolan "Arema Malang“ topary garşydaş klub "Persebaýa Surabaýadan” 3-2 hasabynda utulandan soň ýüze çykdy. Читать дальше...
Eýranly aýdymçy Şerwin Hajipur ýakynda hökümete garşy protestleriň tutuş ýurdy gaplap almagy barada döreden aýdymyny instragramda ýerleşdirip, tussag edilmek howpuna sezewar boldy. Azat Ýewropa/Azatlyk radiosynyň Pars gullugy ýaş aýdymçynyň 29-njy sentýabrda, Tähran polisiýasynyň işgärleri tarapyndan tussag edilendigi barada maglumat aldy. Häzirlikçe onuň nirede saklanylýandygy belli däl. Şeýle-de, aýdymça garşy nähili aýyp bildirilendigini anyklap bolmaýar. Hajipouryň aýdymy sosial media platformasyndan... Читать дальше...
Dünýä Türkmenleriniň bu sany geçen hepdäniň käbir möhüm wakalaryna gaýtadan ser aýalaýar.