Hepdäniň esasy temalaryna gysgaça synymyzy; Türkmenistanda giň ýaýran parahorlugyň mümkin bolan sebäpleri; Prezidentiň ýer ulanmak hukugy bilen bagly täze karary we dowam edýän ‘açlygyň aňsat çözgüdi’; Neşe gaçakçylygynda dronlaryň ulanylmak ähtimallygy baradaky söhbetlerimizi diňlemäge we öz pikirleriňizi aýtmaga çagyrýarys.
Çeh häkimiýetleri 21-nji noýabrda irden soňky 24 sagadyň dowamynda koronawirusyň ýene 5809 adama ýokuşandygyny habar berdiler. Bu ýurtda Covid-19 näsaglarynyň umumy sanyny 487,563-e ýetirdi. Çehiýada bu keselden ölenleriň sany 7021-e ýetdi. Çeh parlamentiniň aşaky palatasy 19-njy noýabrda hökümetiň koronawirus ýaýramagynyň öňüni almak üçin girizen komendant sagadyny we beýleki çäklendirmeleri öz içine alýan adatdan daşary ýagdaýyň 12-nji dekabra çenli uzaldylmagyna rugsat bermek üçin ses berdi. Читать дальше...
Müňlerçe belarusly öldürilen protestçi Raman Bandarenka bilen hoşlaşmaga geldi. Hökümete garşy protestçiniň öldürilmegi dawaly saýlaw sebäpli awtoritar lider Aleksandr Lukaşenkanyň işinden çekilmegini talap edýän demonstrasiýalaryň has-da güýçlenmegine alyp geldi. 20-nji noýabrda Minskdäki Mesihiň direlişi ybadathanasynyň daşynda ýygnanan adamlaryň köpüsi ellerini galdyryp "Sen gahryman!" we "Ýaşasyn Belarus!" diýip gygyrdy. Belarusda 9-njy awgustda geçirilen prezident saýlawyndan soň her gün diýen ýaly demonstrasiýa geçirilýär. Читать дальше...
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we goranmak ministri Sergeý Şoýgu Ýerewanda Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşyp, Dagly-Garabag üstündäki söweşde rus araçylygynda gazanylan ýaraşygyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy. Paşinýanyň edarasy 21-nji noýabrda geçirilen ýygnakda ermeni premýer-ministriniň aýdan sözlerine salgylanyp, ermenileriň uruş döwründe "hemişe Orsýetden goldaw duýandygyny", şol sanda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň şahsy “goldawyny” we rus hökümetiniň goldawyny duýandygyny aýtdy. Читать дальше...
Owganystanyň hökümeti 21-nji noýabrda irden Kabulyň ýaşaýyş etrabyna atylan we azyndan sekiz adamyň ölmegine, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan takmynan 20 raketada “Talybany” günäkärledi. Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian wideo beýanatynda "Talybanyň" Kabul welaýatynyň bäş etrabyna, şol sanda daşary ýurt ilçihanalarynyň ýerleşýän diplomatik anklawyna ýakyn sebitlere 24 raketa atandygyny aýtdy. Arian raketa hüjümlerini "Talybanyň” ýeňilmeginiň aýdyň... Читать дальше...
Berdimuhamedow diri kakasyna bagyşlanan muzeýi we onuň ady dakylan kottej toplumyny açmazdan öň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň göçme mejlisini geçirip, häzirki döwürde harby we hukuk goraýyş edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleriň möhümdigini belledi, emma sözüni anyklaşdyrmady.