Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Owgan hökümeti Kabula edilen hüjümde "Talybany" günäkärleýär

Owganystanyň hökümeti 21-nji noýabrda irden Kabulyň ýaşaýyş etrabyna atylan we azyndan sekiz adamyň ölmegine, onlarça adamyň ýaralanmagyna sebäp bolan takmynan 20 raketada “Talybany” günäkärledi. 


Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian wideo beýanatynda "Talybanyň" Kabul welaýatynyň bäş etrabyna, şol sanda daşary ýurt ilçihanalarynyň ýerleşýän diplomatik anklawyna ýakyn sebitlere 24 raketa atandygyny aýtdy.


Arian raketa hüjümlerini "Talybanyň” ýeňilmeginiň aýdyň alamaty" diýip häsiýetlendirdi we "bu aýylganç hereket üçin ar alynjakdygyny" aýtdy.


Şu aralykda hüjümiň jogapkärçiligini "Yslam döwleti" topary öz üstüne aldy. 


Bu hüjüm ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeonyň Katarda “Talybanyň” we owgan hökümetiniň gepleşik toparlary bilen duşuşyp, togtan parahatçylyk gepleşiklerine gaýtadan itergi bermek synanyşygynyň birnäçe sagat öňünden edildi.


Şeýle-de bu waka Ženewada Owganystan üçin uly donor konferensiýasynyň başlamagynyň iki gün öňünden boldy.


21-nji noýabrdaky partlamalar daşary ýurt ilçihanalarynyň ýerleşýän diplomatik binalarynyň golaýynda bolansoň, hüjümler Owganystanyň paýtagtyndaky ilçihanalaryň duýduryş sirenalarynyň hem işlemegine sebäp boldy.


Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat sekretary Tarik Arian başda üç parahat ýaşaýjynyň öldürilendigini we 11 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.


Owganystanyň Saglyk ministrliginiň bir işgäri başda bäş adamyň ölendigini we ýaralanan 21 adamyň keselhana ýerleşdirilendigini aýtdy.


Arian "terrorçylaryň" raketa atyjylary kiçijik ýük awtoulagyna ýükläp getirendiklerini we atandyklaryny aýtdy.


Ol derňewçileriň raketa atyjy ýüklenen ulagyň Kabula girmek üçin nädip howpsuzlyk barlag nokatlaryndan geçendigini anyklamaga synanyşýandyklaryny aýtdy.


Owganystanyň halkara derejesinde goldanýan hökümetine garşy söweşýän "Talyban" söweşijileri bu hüjüme gatnaşandygyny inkär etdiler.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus