Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Orsýetiň daşary we goranmak  ministrleri Ermenistanyň premýer-ministri bilen ýaraşyk meselesini maslahatlaşýar

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow we goranmak ministri Sergeý Şoýgu Ýerewanda Ermenistanyň premýer-ministri Nikol Paşinýan bilen duşuşyp, Dagly-Garabag üstündäki söweşde rus araçylygynda gazanylan ýaraşygyň durmuşa geçirilişini maslahatlaşdy.


Paşinýanyň edarasy 21-nji noýabrda geçirilen ýygnakda ermeni premýer-ministriniň aýdan sözlerine salgylanyp, ermenileriň uruş döwründe "hemişe Orsýetden goldaw duýandygyny", şol sanda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putiniň şahsy “goldawyny” we rus hökümetiniň goldawyny duýandygyny aýtdy.


Şoýgu Paşinýana 10-njy noýabrda gol çekileli bäri, ýaraşyk şertnamasyna gözegçilik etmek üçin getirilen rus parahatçylyk güýçleriniň Azerbaýjanyň bölünip aýrylan Dagly-Garabag sebitiniň tasdan “ähli ýerine ýerledşirilendigini” aýtdy.


“Jemi 23 sany [howpsuzlyk] posty guruldy” diýip, Şoýgu Paşinýana aýtdy. “Biz Stepanakertiň ýoluna gözegçilik edýäris" diýip, ol azeri dilinde Hankandi ady bilen tanalýan, esasan etniki-ermeni ilatly Dagly-Garabag şäherini nazara alyp aýtdy.


Şoýgu rus goşunlarynyň "bosgunlaryň gaýdyp gelmegini üpjün edýändigini" we "asuda durmuşyň eýýäm ýola goýlandygyny" hem sözüne goşdy.


Russiýanyň wekiliýeti ýakyn günlerde Bakuwa hem sapar etmeli. Ýerewana edilen sapar Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýewiň öz goşunlarynyň ýaraşyk şertleri esasynda Dagly-Garabagyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Agdam sebitini gaýtadan ele geçirendigini habar bereninden bir gün soň boldy.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus