Türkmenistanyň Belarusa bolan 200 million töweregi “bergisiniň” gaýtaryp berilmegi boýunça mesele heniz hem çözülmedi, muňa Stokgolmyň arbitražynda garalýar diýip, “Kompromat Belarus” Telegram kanaly habar berýär.
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI gurultaýynda çykyş edip, ýurtda ýaşlaryň islän ýokary okuw jaýyny saýlap almagy, işlemegi we ýaşamagy üçin ähli şertiň döredilendigini aýtdy.
Ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazowyň sözlerine görä, Türkmenistan ikinji Kuweýte, ýagny her kimiň öz “Mersedesini” münýän ýurduna öwrülmelidi.
Ýewropa Bileleşigi Türkmenistany zor bilen ýitirim edilmeler tejribesini ýok etmäge çagyrdy. Ýewropa BiIeleşiginiň bu pozisiýasy 2019-njy ýylyň 5-nji sentýabrynda ÝHHG-niň hemişelik geňeşiniň Wenadaky maslahatynda beýan edildi. "Biz türkmen türmelerinde zor bilen ýitirim edilmelere sezewar bolan adamlaryň ykbalyna ozalkysy ýaly çynlakaý alada edýäris. "Olary diri görkeziň!" ýaly ynamdar maglumatlar adamlaryň türkmen türmelerinde doly üzňelikde saklanmagyna degişli 120-den gowrak ýagdaýy dokumentleşdirýär. Читать дальше...
Bişkek sudy iki oppozisiýa syýasatçyçynyň – Ömürbek Tekebaýewiň we Duýşonkul Çotonowyň gaýtadana geçirilýän sud seljerişligine başlady. Olar awgustda ozalky hökümleri ýatyrylaly bäri öý tussaglygynda saklanýar. Birinji Maý etrap sudy 12-nji sentýabrda ýokary derejeli iş boýunça gaýtadan sud seljerişligine başlady, sudýa žurnalistlere ses ýazmaga rugsat berilýändigini, emma olaryň sud seljerişligini wideoýazgy edip bilmejekdiklerini aýtdy. Tekebaýew we Çotonow 29-njy awgustda, Gyrgyzystanyň Ýokary... Читать дальше...
Ýoldaşlarynyň we adam hukuklaryny goraýjy aktiwistleriň aýtmaklaryna görä, rus häkimiýetleri kreml tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň Orsýetiň çar künjegindäki edaralaryna reýd geçirdiler. “Agora” adam hukuklary guramasynyň lideri Pawel Çikow 12-nji sentýabrda Telegramda Nawalnynyň we saýlawlara gözegçilik edýän garaşsyz “Golos” guramasynyň edara jaýlary 38 şäherde dökülýär diýip ýazdy. “Mediazona” we Orsýetdäki protestleri hem-de tussag etmeleri yzarlaýan OVD-Info internet... Читать дальше...
Erkekleriň fotbol oýnuny görmäge goýberilmedik aýal özüni otlanyndan soň, görülýän taýýarlygy gözden geçirmek üçin, FIFA resmileri Eýrana sapar eder diýip, dünýä futbol guramasynyň sözçüsi 11-nji sentýabrda “Roýterse” we AFP agentligine aýtdy. Gelýän iki hepdäniň içinde bolmagyna garaşylýan sapar Eýranda erkekleriň futbol oýnuny görmek üçin erkek eşiklerini geýip barmakda aýyplanan 29 ýaşly aýalyň özüni otlamagynyň yz ýanyna gabat geldi. Janköýerlik edýän “Esteghlal” komandasynyň reňkleri sebäpli... Читать дальше...
Abhaziýanyň separatist lideri Raul Hadžimba Gürjüstanyň bölüniji sebitinde geçirilen prezident saýlawlarynyň ikinji tapgyrynda gazanan dawaly ýeňşinden soň oppozisiýanyň täze prezident saýlawlaryny geçirmek baradaky talaplaryny ret etdi. Oppozisiýa kandidaty Alkha Kwitsinia we onuň tarapdarlary 10-njy sentýabrda iki gün öň geçirilen ikinji tapgyr saýlawlarda Hadžimba diňe 1000 ses beren netijelere garşy protest bildirdiler. “Saýlawlar geçirildi, olaryň netijesi aýdyň, bu ýagdaý parahatçylykda kabul edilmeli... Читать дальше...
Prezident Donald Tramp Birleşen Ştatlara 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabrynda edilen we Owganystandaky urşa getiren terror hüjümleriniň 18-nji ýyl dönüminde “Talybany” owal-ahyrdakysyndan hem “berk” urmagy wada berdi. Tramp 11-nji sentýabrda Pentagonda, bu hüjümlerde öldürilen 3 müňe golaý adamyň hormatyna gurnalan çärede, “Talyban” bilen alnyp barylýan parahatçylyk gepleşikleriniň “ölendigini” yglan edeninden birnäçe gün soň çykyp gürledi. “ABŞ güýçleri soňky dört günde biziň duşmanlarymyzy ozal... Читать дальше...
Lebap welaýatynda Türkmenistanyň Senagat ministrligine degişli “Türkmensement” önümçilik birleşiginiň dükanlaryndan sement satyn aljak raýatlardan azyndan üç kepilnama, tassyknama ýa-da güwänama talap edilýär.