Medianyň maglumatyna görä, Merkezi aňtaw gullugy (CIA) özüni prezident Wladimir Putin, şol sanda 2016-njy ýylky prezident saýlawlaryna Orsýet garyşdy diýilýän gürrüňler hakda ýokary dereje gizlin maglumatlar bilen üpjün eden bir rus raýatyny 2017-nji ýylda Orsýetden çykarypdyr.
Aşgabatda Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda öýsüz itleriň we pişikleriň köpçülikleýin tutulmagynyň nobatdaky tapgyry alnyp barylýar. Azatlyk Radiosynyň habarçylary häkimiýetleriň şeýle çäreleri soňky günlerde Parahat-3, Parahat-4, Parahat-11 we Gaudan etrapçalarynda geçirýändigini habar berýärler.
Türkmenistanyň Daşoguz we Lebap welaýatlarynda suw joşguny emele geldi. Azatlyk Radiosynyň bu welaýatlardaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, muňa Amyderýanyň suwunyň joşup, öz hanasyndan çykmagy sebäp boldy.
Türkiýede bilim alýan onlarça türkmenistanly student Türkmenistanyň banklaryndan alan Visa bank kartlary arkaly pul nagtlaşdyrmakda özleriniň dürli kynçylyklara duçar bolýandyklaryny aýdyp şikaýat edýärler.
Žurnalistleri goramak baradaky komitet (CPJ) özüniň täze hasabatynda Türkmenistany, Eýrany we Belarusy dünýäde metbugaty iň köp senzura astynda saklaýan 10 ýurduň arasynda ýerleşdirdi.
Ýurtlar klimatyň üýtgemeginiň oňaýsyz täsirlerinden goranmak üçin haýallatmak tagallalary bilen bir hatarda, has köp uýgunlaşmak sistemasyny işe girizmelidir diýip, syýasat, biznes we ylym ulgamynyň 34 liderinden düzülen topar aýdýar. Uýgunlaşmak baradaky global komissiýanyň (Global Commission on Adaptation) 10-njy sentýabrda ýaýradan hasabatynda aýdylmagyna görä, öňümizdäki onýyllygyň dowamynda esasy bäş territoriýada $1,8 trillion möçberde maýa goýmak arkaly $7,1 möçberde ykdysady düşewünt gazanyp bolar. Читать дальше...
Birleşen Ştatlaryň prezidenti Donald Tramp ABŞ-Talyban parahatçylyk gepleşikleriniň bes edilendigini aýtdy. Tramp bu barada 9-njy sentýabrda Ak tamda geçiren metbugat ýygnagynda mälim etdi. Bu waka amerikan prezidentiniň owgan we “Talyban” resmileriniň arasynda Birleşen Ştatlarda geçiriljek gizlin gepleşikleri goýbolsun edendigini yglan etmeginden iki gün soňa gabat geldi. Ol “Talyban” güýçleriniň golaýda Kabulda bomba ýerleşdirilen awtoulagy partladyp, 12 adamy, şol sanda bir amerikan esgerini... Читать дальше...
Ukrain režissýory Oleh Sentsow we aktiwist Oleksandr Kolçenko rus türmesinde saklanan döwründe özlerini goldan ähli adamlara sagbolsun aýtdylar. Sentsow we Kolçenko Russiýanyň we Ukrainanyň arasynda amala aşyrylan tussaglary çalyşmak çäresinde azatlyga goýberilmeginiň yzýany, 10-njy sentýabrda Kiýewde ilkinji metbugat konferensiýasyny geçirdiler. 7-nji sentýabrda iki ýurt özaralarynda jemi 70 sany tussagy çalyşdy. Bu Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda 2017-nji ýyldan bäri tussaglary çalyşmak boýunça amala aşyrylan iň uly çäredir. Читать дальше...
Russiýanyň kanun goraýjy organlarynyň ofiserleri Kremliň tankytçysy Alekseý Nawalnynyň Korrupsiýa garşy fondunyň ýurduň ençeme şäherindäki edaralaryna reýd gurnadylar diýip, Nawalnynyň ýaranlary we adam hukuklaryny gorap çykyş edýän aktiwistler aýdýarlar. Bu fonduň taslama müdiri Leonid Wolkow özüniň 10-njy sentýabrda ýazan tweetinde guramanyň Ufadaky, Permdäki we Samaradaky ofis jaýlarynda gözleg işleriniň geçirilendigini aýtdy. Wolkow fonduň bu üç şäherdäki agzalarynyň öýlerinde hem gözleg işleriniň geçirilendigini aýdyp... Читать дальше...