29-njy awgustda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “ARETI” halkara kompaniýalar toparynyň ýolbaşçysy, russiýaly oligarh Igor Makarowy Türkmenistanyň prezidentiniň nebitgaz meseleleri boýunça geňeşçisiniň ekspert hünärmeni wezipesine belledi.
Türkmenistanyň Mary welaýatynda un ýetmezçiligi gün-günden ýitileşýär. Welaýatyň Wekilbazar, Oguzhan, Mary we Baýramaly etraplaryndaky döwlet dükanlaryndaýerli un ýok diýip, Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistan we Pakistan Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan (TOPH) gaz geçiriji taslamasynyň maliýe işlerini 2020-nji ýylyň başynda jemlemek barada ylalaşyga geldi.
Mary welaýatynyň etraplaryna pagta ýygmaga gidýän ýygymçy aýal-gyzlar gowaça meýdanlarynda pagtanyň tas ýokdugyny aýdýarlar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň Marydaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanyň welaýatlaryndaky ýangyç stansiýalarynda benzin gytçylygy saklanýarka, Azatlyk Radiosynyň habarçylary ýollarda awtoulaglaryň esli azalandygyny habar berýärler. "А-92 we А-95 benzini ala ýok, diňe käbir zaprawkalarda A-80 tapyp bolýar. Dizel ýangyjy hem ýitdi. Bu şeýle bir göze ilýär, ýollar sözüň hakyky manysynda boşap galdy" diýip Türkmenistandaky habarçylarymyzyň biri 4-nji snetýabrda habar berdi. Habarçylarymyzyň ýene biri Marydaky ýagdaý barada habar berip, welaýatda A-80 markaly... Читать дальше...
Prezident Hassan Rohani Eýranyň dünýä döwletleri bilen baglaşan ýadro ylalaşygy astynda öz üstüne alan borçnamalaryndan has kän el çekip biljekdigini, emma Tähranyň Ýeropa bu şertnamany halas etmek üçin ýene ik aý kän möhlet berýändigini duýdurýar.
Owgan resmileri parahatçylyga tarap progresi oňlaýandyklaryny, emma ABŞ bilen “Talyban” arasynda 18 ýyllyk konflikti soňlamak üçin “prinsipde” gelnen ylalaşykdan alada galýandyklaryny aýdýarlar. Owgan prezidentiniň sözçüsi Sedik Sedikki 4-nji sentýabrdaky twitlerinde, taslama ylalaşygy görendigine garamazdan, ylalaşygyň mazmuny we onuň nähili durmuşa geçiriljegi babatdaky soraglaryň saklanyp galýandygyny aýtdy. “Owgan hökümeti ymykly parahatçylyga we Owganystandaky urşuň soňlanmagyna alyp geljek... Читать дальше...
Gyzyň ýaşynyň 11 töweregidigi aýdylýar. Erkegiň ýaşy gyzyňkydan iki esse dagy uly. Olara golaýda Eýranyň gyrak-bujakdaky günorta-günbatar welaýatynda nika gyýyldy we nika dabarasynyň wideoýazgysy internetde ýerleşdirildi.
Eýran Britaniýanyň Stena Impero nebit tankeriniň ekipaž agzalaryndan ýedi adamyň iki aýa golaý tussaglykdan soň, ynsanperwerçilik esaslarynda azat edilendigini aýdýar. Azat edilen ýedi adam gäminiň kapitany tarapyndan saýlandy. Eýranyň daşary işler ministrliginiň sözçüsi Abbas Musawiniň Eýranyň döwlet TW-sine aýtmagyna görä, boşadylan ýedi adamyň arasynda rus we hindi raýatlary bolup, olar basym ýurtdan çykyp bilerler. London bilen Tähranyň arasyndaky dartgynlyklar Britaniýanyň deňizçileri Eýranyň... Читать дальше...
Ýüzlerçe protestçi Gazagystanyň durnuksyz Žanaozen şäherinde toplanyp, 3-nji sentýabrda tapgyr ikinji gün prezident Kasym Žomart Tokaýewiň Hytaýa amala aşyrmakçy saparyny goýbolsun etmegini talap etdi. Protestçiler şäheriň esasy meýdançasynda toplanyp, Gazagystanyň Hytaýyň maliýe kömegi netijesinde 55 sany senagat desgasyny gurmak planlaryny sorag astyna aldy. Olar ýurduň beýleki şäherleriniň ýaşaýjylaryny hem 4-nji sentýabrda özleriniňki ýaly protest aksiýasyny guramaga çagyrdylar. Demonstrasiýaçylaryň käbiri... Читать дальше...
Ozalky amerikan ilçileriniň dokuzysy eger-de Birleşen Ştatlar Kabul hökümeti bilen “Talybanyň” arasynda “hakyky” parahatçylyk ylalaşygy baglaşylmanka öz güýçlerini çykarsa, Owganystanyň “doly raýat urşuna” gaplanmagynyň ahmaldygyny duýdurdy. “Goşunlaryň tutuşlygyna çykarylmagy gutarnykly parahatçylyga esaslanmaly” we “ öňünden däl-de, hakyky parahatçylyk ylalaşygynyň yzyndan gelmeli” diýip, ozalky diplomatlar 3-nji sentýabrda Atlantik geňeşiň analitiki merkezi tarapyndan çap edilen bilelikdäki beýanatlarynda aýtdylar. Читать дальше...