Eýran özüniň “yza çekilmejekdigini” we 27-nji iýundan başlap urany baýlaşdyrmagy çaltlaşdyrjakdygyny aýdýar. Bu waka Tähran bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky dartgynlyklar artýan döwründe, Eýranyň ýadro ylalaşygyndaky borçnamalaryndan yza çekilmegi dowam edýän mahalynda bolýar.
Türkmenistanda daşary ýurtly gyt dermanlaryň ýerine teklip edilýän ýerli derman önümleriniň gytçylygy döräpdir. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysynyň 26-njy iýulda habar bermegine görä, bu ýagdaýda paýtagtyň dermanhanalarynda dermana derek ösümlikleri hödürleýärler. Hususan-da otlar, ýürek-damar dermanlaryna derek teklip edilýär. - Dermanhanalarda "ýerini tutýan" bir zat hökmünde ot suwuny hödürleýärler. Emma tahikardiýada, ýagny ýürek urşuny haýallatmak üçin bu ýaramaýar diýip - habarçymyz aýdýar. Читать дальше...
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Terrorçylyga garşy göreş bölüminiň wekiliýeti bilen Aşgabatda duşuşyk geçirip, işsizligiň jemgyýete ýaramaz täsirlerini maslahat etdi.
Ahal welaýatynyň ekerançylary galla taýýarlamak boýunça borçnamalaryny ýerine ýetirdiler. Bu wakaTürkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ogly Serdar Berdimuhamedowy Ahal welaýatynyň häkimi wezipesine bellemeginden 10 gün çemesi soňa gabat geldi.
Üç şübheli terrorçynyň Pakistanyň Bulujystan welaýatyndaky polisiýa merkezine kürsäp girip, hüjüm etmegi netijesinde dörän ok atyşykda bir polisiýa ofiseri we hüjümçiler öldi diýip, Pakistanyň häkimiýetleri aýdýarlar. Etrap polisiýa bölüminiň başlygy Jawad Tarikiň sözlerine görä, 26-njy iýunda Loralaý etrabynda amala aşyrylan hüjümde başga-da azyndan bir polisiýa ofiseri ýaralandy. Tarik wakada janyndan geçen iki hüjümçiniň öz keltekçelerindäki bombalaryny partladandygyny we olaryň üçünjisiniň... Читать дальше...
Ukrainanyň Moskwa tarapyndan anneksiýa edilen Krym regionynda geçirilen harby-tälim türgenleşikleri döwründe iki sany rus desanty gark boldy. Russiýanyň Günorta harby regionynyň resmileri özleriniň 26-njy iýunda beren maglumatlarynda rus armiýasynda şertnama esasynda gulluk eden iki desantyň Staryý Krym türgenleşik meýdanynda geçirilen paraşýutdan bökmek boýunça adaty türgenleşikler döwründe ölendigini mälim etdiler. “Krymdaky howa-desant birleşiginde şertnama esasynda gulluk eden iki desant... Читать дальше...
Demirgazyk Türkmenistanda bir halta sementiň hususy söwdadaky bahasy 100 manada çykyp, ol örän gyt gurluşyk harydyna öwrüldi. Bu ýagdaý köp adamly maşgalalaryň täze jaýlary gurmak mümkinçiliklerine zarba urup, 4-5 gelinli maşgalalaryň bir öýe gabalyp galmaklaryna getirýär.
Gazagystanda ok-däri serişdeleri saklanýan ammarda dörän ýangyn sebäpli bolan giň gerimli partlamalaryň netijesinde ölenleriň sany üç adama ýetdi diýip, resmiler aýdýarlar. 26-njy iýunda Gazagystanyň paýtagty Nur-Sultanda gazak goranmak ministriniň orunbasary Timur Dandibaýew žurnalistleriň öňünde çykyş edip, Arys şäherçesindäki partlamalar döwründe ýeten şikes zerarly 32 ýaşyndaky seržant Abdikul Ahmetowyň keselhanada aradan çykandygyny aýtdy. Mundan öň, gazak resmileri partlamanyň netijesinde... Читать дальше...
Müňlerçe protestçi Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside tapgyr altynjy gün ýöriş geçirip, ýurduň içeri işler ministriniň wezipeden çekilmegini talap edýärler. Protestçiler hökümete garşy protestler bilen baglanyşykly oppozision kanunçykaryjynyň tussag edilmek bilen ýüzbe-ýüz bolýandygy baradaky habara hem gahar-gazap bildirdiler. Gürjüstanyň öňki prezidenti Giorgi Margwelaşwili 25-nji iýunda giçlik parlament binasynyň öňünde üýşen adamlaryň köpçüligine goşulyp, protestlere goldaýandygyny beýan etdi. Читать дальше...
Birleşen Ştatlaryň harby güýçleri 26-njy iýunda Owganystanda iki sany harbysynyň öldürilendigini aýdýar. Bu waka ABŞ-nyň döwlet sekretary Maýk Pompeo (Mike Pompeo) Kabula gyssagly sapar edip, Waşingtonyň “1-nji sentýabrdan öň” parahatçylyk ylalaşygynyň baglaşmagyny umyt edýändigini aýtmagyndan bir gün soňra gabat geldi. ABŞ-nyň harby güýçleri tarapyndan ýaýradylan beýanatda waka bilen baglanyşykly ýagdaýlar barada jikme-jik maglumatlar berilmeýär. Bu wakanyň netijesinde şu ýylyň dowamynda ABŞ-nyň... Читать дальше...