Orsýete garşy demonstrasiýaçylaryň müňlerçesi Gürjüstanyň paýtagty Tbiliside tapgyr ikinji gije toplanyp, käbir ýokary derejeli resmileriň işden çekilmegine we irki saýlawlaryň geçirilmegine çagyryş etdi.
Aşgabadyň orta mekdeplerinde onlarça oglan şu ýyl okuwy tamamlaýan ýaşlar üçin niýetlenip geçirilen gutardyş şahadatnamalaryny almak dabaralaryna gatnaşyp bilmedi.
Tähran özüniň 20-nji iýunda urup ýykan ABŞ-nyň pilotsyz gözegçilik dronynyň Eýranyň howa giňişligini bozandygy hakda elinde “jedelsiz” subutnamanyň bardygyny aýdýar.
Türkmenistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylary şäheriň köçelerinde we ýaşaýyş jaýlarynda öli itleriň we pişikleriň jesetleriniň çüýremeginden aladalanma bildirýärler. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we biz bilen söhbetdeş bolan aşgabatlylaryň sözlerine görä, şu günler şäheriň ençeme etrabynda ýakymsyz ysyň saklanýandygyny, we köpleriň muny köçelerde we ýaşaýyş jaýlaryň golaýynda ýatan öli iteriň w pişikleriň "bozulyp barýan jesetleriň" ysy bolmagyny çak edýärler. -Şäheriň dürli etraplarynda "maslyklaryň" ysy gelýär. Читать дальше...
Türkmenistanda ene-atalar Western Union hyzmatlary arkaly daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul iberende, olardan oglunyň ýa-da gyzynyň bu serişdäni ýa-da onuň galan bölegini yzyna, öýüne getirmejekdigi barada resminama gol çekmek talap edilýär. Bu barada “Türkmen.news” neşiri habar berýär.
Bu ýyldaky Adam gaçakçylygy hasabaty 187 ýurtda geçirilen gözegçilik esasynda taýýarlandy we hökümetleriň ýurt içinde bolup geçýän adam gaçakçylygyna baş galdyrmaga göwünsizdikleri mälim boldy.
Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew ýurduň baş prokurory Otabek Murodowy wezipesinden boşatdy, ol 2018-nji ýylyň ýanwarynda wezipä belleneli bäri metbugata açyklyk syýasatyna başlapdy. 20-nji iýunda çap edilen prezident kararyna laýyklykda, Muradowyň ýerine parlamentiň ýokary palatasynyň spikeri Nigmatulla Ýuldoşew bellenildi. Muradowyň wezipesinden boşadylmagynyň sebäbi aýdylmaýar. Mirziýoýew ýanawrda, howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň dowamynda Muradowy açyk tankyt etdi we wezipesinden boşatmak haýbatyny atdy. Читать дальше...
Merkezi Aziýanyň garyp ýurdunda barha ösýän häkimiýet darkaşynyň çäginde gyrgyz parlamenti ozalky prezident Almazbek Atambaýewiň eldegrilmezlik hukugyny ýatyrmagy sese goýdy. Kanun çykaryjylar Atambaýewiň wezipede wagty öz ygtyýarlyklaryndan bikanun peýdalanandygy barada aýdylýanlar arasynda bu karary 100 deputatyň goldamagynda, 5 deputatyň garşy çykmagynda tassyk etdiler. 20-nji iýundaky ses berişlik Atambaýewe ýakyn ozalky resmileriň birnäçesiniň gyssanmaç tussag edilmeginiň yz ýanyndan, häzirki... Читать дальше...
Gürjüstanyň paýtagtynda gije protestlerinden soň daň atdy, pitnä garşy polisiýa şäherde doly kontrollygy öz eline alana meňzeýär. Adamlar rus deputatynyň gelip, Gürjüstanyň parlament binasynyň içinde spikeriň ornuna geçip oturmagyna gahar etdiler. Oppozisiýa liderleri 21-nji iýun güni irden Tbilisiniň köçelerinde ikinji gije protestine hem dolanyp gelmegi wada berdiler. “Biz Rustaweli köçesinde ýene [öýlän sagat 7-de] duşuşarys. Biziň adamlar bilen hereket planyny ylalaşmagymyz gerek” diýip,... Читать дальше...
“The New York Times” ABŞ-nyň prezidenti Donald Trampyň, Birleşen Ştatlaryň adamsyz gözegçilik dronyny urup ýykmagyna jogap edip, Eýrana garşy harby zarba urulmagyny tassyklady, emma “birden”, 20-nji iýun gijesinde bu missiýany goýbolsun etdi diýip habar berýär. “The Times” öýlän sagat 7-de (Praga wagty bilen 21-nji iýunda, ir sagat 1-de) Ak tamda bolan “intensiw maslahatlardan we çekişmeden” soň, harby we diplomat resmileriniň zarba urulmagyna garaşandyklaryny aýtdy. Bu maslahat bilen baglanynşykly... Читать дальше...