Aşgabadyň 11-nji etrapçasynyň ýüze ýakyn kwartirasynyň ýaşaýajylary 4-nji aprelde gol ýygnap, ýurduň prezidentine, Barkararlyk etrap prokuraturasyna we şäher häkimi Şamuhammet Durdylyýewe arza bilen ýüz tutdular.
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin öz adminstrasiýasynyň rus raýatlygyny bermegi diňe Ukrainanyň uruşdan tozan gündogar böleginiň ilaty üçin däl, eýsem ukrainalylaryň ählisi babatda ýeňilleşdirmegiň pikirini edýändigini aýtdy. Putin bu beýanaty 27-nji aprelde, Pekinde geçirilýän infrastruktura sammiti mahalynda etdi. Putin 24-nji aprelde Ukrainanyň Donetsk we Luhansk sebitlerinde, Orsýet tarapyndan goldanylýan separatistleriň gözegçiligi astynda ýaşaýan islendik adam üçin rus araýatlygyny bermegi... Читать дальше...
Prezident Aleksandr Lukaşenko rus kärdeşi Wladimir Putin bilen sowet döwründe gurlan “Družba” geçirijisiniň könelmegi netijesinde rus nebit eksportynyň kesilmegi bilen bagly dörän krizisiň sebäbi hakynda gürleşdi diýip, Belarusyň prezident diwanynyň başlygy aýtdy. Natallya Koçanowanyň sözlerine görä, bu mesele 27-nji aprelde, Lukaşenko bilen Putiniň Pekinde “Guşak we Ýol” ady bilen geçirilýän sammitiň gapdalyndan geçirilen duşuşygy mahalynda gozgaldy. Bu duşuşyk Orsýet “Družba” geçirijisi arkaly... Читать дальше...
ABŞ, Orsýet we Hytaý Owganystandan daşary ýurt güýçlerini çykarmak we “owgan ýolbaşçylygynda içine alyjy” parahatçylyk prosesini gazanmak barada ylalaşyga geldiler diýip, bu üç ýurduň bilelikdäki beýanatynda aýdylýar. "Üç tarap, hemmetaraplaýyn parahatçylyk prosesiniň çäginde, Owganystandaky daşary ýurt goşunlarynyň düzgünli we jogapkärçilikli çykarylmagyna çagyrýar” diýip, bilelikdäki beýanatda aýdylýar. Bu beýanat 26-njy aprelde ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň websaýtynda çap edildi. Şeýle-de... Читать дальше...
26-njy aprelde Aşgabatda, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda, Halkara ahal-teke atçylyk assosiasiýasynyň IX mejlisi geçirildi.
Gazagystanyň milli banky ýazgylary ýurduň latyn harplaryna esaslanýan täze elipbiýindeýazylan täze teňňeleri çykardy. 1, 2, 5, 10, 20, 50 we 100 teňňe pullaryny öz içine alýan täze teňňeler 26-njy aprelde çykaryldy diýip, bankyň beýanatynda aýdylýar. 100 teňňelik pul häzirki daşary ýurt puluna çalyşmak derejesinde ABŞ-nyň 25 sentine barabar bahalanýar. Bank täze teňňeleriň dizaýnlarynyň geçiş prezidenti, 20-nji martda, uzak wagtlyk prezident Nursoltan Nazarbaýew işden çekilenden soň bu wezipä... Читать дальше...
Geçen hepde prezident saýlawlarynyň adalatly geçirilmegine çagyrýan şygary galdyrandygy üçin 15 gün türme tussaglygyna höküm edilen gazak aktiwisti gözenegiň arkasynda açlyk çekýär diýip, onuň ejesi aýtdy. Žanar Žandosowa 26-njy aprelde feýsbukda öz gyzy Asiýa Tulesowanyň 23-nji aprelden bäri açlyk çekýändigini we agyz beklemegini türmeden boşadylýança dowam etdirjekdigini aýtdy. Tulesowa hem-de ýene bir aktiwist Beibarys Tolymbekow 21-nji aprelde tussag edildi we biraz soň, ýurduň iň uly şäheri... Читать дальше...