Gazagystanyň milli banky ýazgylary ýurduň latyn harplaryna esaslanýan täze elipbiýindeýazylan täze teňňeleri çykardy. 1, 2, 5, 10, 20, 50 we 100 teňňe pullaryny öz içine alýan täze teňňeler 26-njy aprelde çykaryldy diýip, bankyň beýanatynda aýdylýar.
100 teňňelik pul häzirki daşary ýurt puluna çalyşmak derejesinde ABŞ-nyň 25 sentine barabar bahalanýar.
Bank täze teňňeleriň dizaýnlarynyň geçiş prezidenti, 20-nji martda, uzak wagtlyk prezident Nursoltan Nazarbaýew işden çekilenden soň bu wezipä bellenen Kasym-Žomart Tokaýew tarapyndan tassyklanandygyny aýtdy.