Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Апрель
2019

Новости за 20.04.2019

Azathabar.com 

Kabulda partlama, atyşyk boldy, hüjümçiler Aragatnaşyk ministrligini nyşana aldy

Ýaragly adamlar 20-nji aprelde, günortana golaý owgan paýtagtynyň merkezindäki Aragatnaşyk ministrligine hüjüm etdiler diýip, resmiler Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna aýtdylar. Polisiýa bombaçynyň ministrligiň daş işiginde özüni partladyp, beýleki hüjümçiler üçin merkezi Kabulda berk goralýan hökümet howlusyna girmäge ýol açandygyny aýtdy. Adamlar wakanyň bolan ýerindäki binanyň töwereginden ewakuasiýa edildi, partlamanyň we atyşygyň jogapkärçiligini bada-bat üstüne alan tapylmady.

Azathabar.com 

Türkmen resmileri sanly ykdysadyýet boýunça umumy düşünje almaly edildi

Ylym, bilim, saglygy saklaýyş we sport boýunça wise-premýer 19-njy aprelde geçirilen hökümet maslahatynda prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa sanly ykdysadyýetiň esaslary boýunça gurnaljak ýörite okuwlar barada hasabat berdi. Pürli Agamyradowa 12-nji aprelde geçirilen hökümet mejlisinde Türkmenistanyň prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynda ähli derejedäki ýolbaşçylar üçin ýörite okuwlary guramak tabşyrylypdy. Şunuň bilen baglylykda, TDH-nyň maglumatyna görä, gysga möhletli okuwlaryň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Müsürliler Sisiniň dolandyryş möhletini uzaltjak referendumda ses berýär

Müsürliler 20-nji aprelde iş başyndaky prezident Abdel-Fattah al-Sissiniň dolandyryş ygtyýarlyklaryny 2030-njy ýyla çenli uzaltmaga mümkinçilik berjek konstitusiýa düzedişleri babatda geçirilýän üç günlük referendumda ses bermäge başladylar.  Teklip edilýän konstitusiýa düzedişleri onuň häzirki dört ýyllyk prezidentlik möhletini alty ýyla çenli uzaltmaga we ýene bir möhlet wezipede galmaga mümkinçilik berer.  Şeýle-de bu düzedişler harbylaryň syýasy durmuşdaky roluny güýçlendirer we prezidente... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmen, türk we azeri resmileri Stambulda enegriýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdy

Stambulda Türkiýäniň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň arasynda energiýa hyzmatdaşlygy boýunça üç taraply duşuşyk geçirildi diýip, “Trend” habar gullugy Azerbaýjanyň Energiýa ministrligine salgylanyp habar berýär. Türkiýeden bu duşuşyga energiýa we tebigy serişdeler ministri Fatih Donmez, Azerbaýjandan energiýa ministri Parwiz Şahbazow, Türkmenistandan “Türkmenekologiýa” döwlet konserniniň başlygy Şahym Abdyrahmanow gatnaşdy. Neşiriň maglumatyna görä, duşuşykda ýurtlaryň arasyndaky energiýa hyzmatdaşlygyny ösdürmäge degişli meseleler... Читать дальше...

Azathabar.com 

Kabulda ýaragly adamlar Aragatnaşyk ministrligine hüjüm etdi

Ýaraglary adamlar 20-nji aprelde owgan paýtagtynyň merkezindäki Aragatnaşyk ministrligine hüjüm etdiler diýip, resmiler Azatlyk radiosynyň Owgan gullugyna aýtdylar.  Günortandan biraz öň şäheriň iň bir meşgul ýerleriniň birinde ýerleşen ministrligiň agzynda bolan partlamanyň we atyşygyň jogapkärçiligini bada-bat üstüne alan tapylmady. Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Nasrat Rahimi ýaragly adamlaryň iki sanysynyň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan öldürilendigini, binanyň daşynyň polisiýa tarapyndan gabalandygyny habar berdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Kosowa 110 raýatynyň, şol sanda YD söweşijileriniň Siriýadan dolanandygyny aýdýar

Kosowaly resmiler ýurduň 110 raýatynyň, şol sanda ekstremist topar bolan “Yslam döwletiniň” hatarynda bolandygy aýdylýan dört söweşijiniň Siriýadan dolanyp gelendigini aýdýarlar. Kosowa polisiýasynyň başlygy Raşit Kalaj 20-nji aprelde guralan metbugat ýygnagynda dolanyp gelenleriň arasynda 31 aýalyň we 74 çaganyň, şol sanda Siriýadaky konflikt mahalynda ene-atalaryny ýitiren dört çaganyň bardygyny aýtdy.  Kalaj Siriýada ýene 30 söweşijiniň we 49 aýalyň, sekiz çaganyň galandygyny aýtdy. Kosowanyň... Читать дальше...

Azathabar.com 

Ukrainanyň prezidentlige dalaşgärleri stadion çekişmesinde çekişdi

Ukrainanyň iki prezidentlige kandidaty onlarça müň adamly stadionda, goldawçylarynyň şowhunly gykylyklary astynda çekişmä çykyp, bir-birini ykdysadyýetden başlap, giň ýaýran korrupsiýada, Orsýet tarapyndan goldanylýan urşuň möwjemegine çenli ähli zatda aýyplamaga çalyşdy.  Pikir soramalarynyň netijelerinde Wolodimir Zelenskiden yzada galýan iş başyndaky prezident Petro Poroşenko üçin bu çekişme 21-nji aprelde geçiriljek ikinji tapgyr saýlawlardan öň biraz daýanmak üçin iň soňky pursat bolup durýar. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus