Birleşen Ştatlaryň Owganystan boýunça ýörite wekili Zalmaý Halilzad özüniň “Talyban” bilen geçiren soňky gepleşikleri hakda owgan prezidenti Aşraf Ganä, şeýle hem beýleki hökümet resmilerine maglumat berdi diýip, prezidentiň edarasy aýdýar.
Mary welaýatynyň käbir daýhan birleşikleriniň resmileri gaz ýetmezçiligini gowulandyrmagy wada berip, ýaşaýjylardan 600 manat möçberinde pul ýygnap başladylar.
Studentlerden gyşky dynç alyş möwsümi döwründe mobil telefonlary ulanmajakdyklary, Internetden peýdalanmajakdyklary, toý-dabaralara gatnaşmajakdyklary we beýleki şäherlere, etraplara gitmejekdikleri hakynda dil haty alyndy.
Rus we iňlis dillerinde derňew maglumatlaryny taýýarlaýan Bellingcat açyk-derňew saýty Italiýanyň Türkmenistana satan ýaraglarynyň üstüni açdy.
Balykçylara Aşgabadyň suw howdanlarynda balyk tutmagy ýanwardan gadagan etdiler, diýip Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar. Onuň sözlerine görä, hususan-da gadagançylyk Aşgabadyň etegindäki Gurtly, Sportiwnoýe we Gökdepe suw howdanlaryna degişli. Ýerli synçylaryň pikirine görä, balyk tutmak gadagançylygy suw howdanlarynda balygyň sanynyň azalmagy bilen bagly bolmagy mümkin. "Adamlar işsizlik sebäpli köplenç balyk tutýarlar. Hatda kiçijik balyjyklary hem awlaýarlar we bu ýyllarboýy dowam edýär. Читать дальше...
Russiýanyň Sibir regionynda edilen bomba haýbatlarynyň netijesinde administratiw binalardan, keselhanalardan we mekdeplerden müňlerçe adam ewakuasiýa edildi. Rus habar serişdeleriniň maglumatyna görä, partladyjylaryň ýerleşdirilendigi baradaky haýbatly hatlar emeýl, ýagny elektron-poçta arkaly ýollanypdyr. Munuň netijesinde, Sibiriň Kemerowo, Hakasýa, Omsk, Nowosibirsk, Irkutsk, Altaýskiý Kraý we Krasnoýarskiý Kraý regionlarda adamlar ewakuasiýa edildi. Hakasýanyň we Nowosibirskiň resmileri partladyjy serişdeleriň tapylmandygyny aýtdylar.
ABŞ-nyň Maliýe departamenti rus oligarhy Oleg Deripaska bilen ilteşikli üç kompaniýa garşy girizilen sanksiýalaryň aradan aýrylandygyny mälim etdi. Bu ädime Demokratlaryň gözegçiligindäki ABŞ-nyň Wekiller Öýi garşy çykyp gelýärdi. Maliýe departamentiniň ýaýradan beýanatyna görä, sanksiýalaryň aradan aýrylmagyna alýumin läheňi Rusaldan, onuň esas En+ kärhanasyndan we elektro-energiýa EuroSibEnergo kompaniýasyndan “Oleg Deripaskanyň gönümel ýa-da gytaklaýyn paýlarynyň kemeldilmegi, şeýle-de bu... Читать дальше...
Kreml Wenesuelada häkimiýetde galjak bolýan sosialist prezident Nikoloas Maduro, ýurtdaky dowam edýän oppozisiýa protestleriniň fonunda, howpsuzlygy berkitmek üçin 400-e golaý şahsy harby hakyna tutmalary ýollandygy baradaky maglumatlary sorag astyna aldy. Geçen hepde Wenesuelada oppozisiýa lideri Juan Guadio özüni prezidentiň wezipesini ýerine ýetirijisi diýip yglan edipdi. Russiýanyň döwlet telewideniýesinde geçirilen gepleşikleriň birinde prezident Wladimir Putiniň metbugat wekili Dmitriý... Читать дальше...
ABŞ-nyň parahatçylyk boýunça ýörite wekili Zalmaý Khalilzad Katarda owgan “Talybany” bilen alty günläp gepleşikleri geçireninden soň, häzir owgan hökümetiniň resmileri bilen, ýurtdaky dowam edýän 17 ýyllyk urşy parahatçylyk ýollary arkaly çözmek ugrunda, Kabulda konsultasiýalary alyp barýar. Bu sapardan öň, Khalilzad, ABŞ-nyň döwlet sekretary Mike Pompeo, şeýle-de “Talyban” resmileri gepleşikleriň dowamynda gazanylan öňegidişlikleri oňlap, çykyş etdiler. Reuters habarlar gullugyň berýän maglumatyna görä... Читать дальше...
“Yslam döwleti” ekstremistik topary bilen ilteşikli jeňçiler Filippinleriň günortadaky Jola adasynda guralan ybadathana çäresi mahalynda amala aşyrylan bomba hüjümleriniň we Nigeriýada harby baza garşy edilen ýaragly hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldylar. “Yslam döwleti” ekstremistik topary Manilanyň müň kilometr günortasynda ýerleşýän Jolo şäherinde iki sany janyndan geçeniň özlerini partladandyklaryny aýdyp, beýanat ýaýratdy. Ýekşenbe güni ýüze çykan hadysada azyndan 20 adam öldi, başga-da 80-e golaýy ýaralandy. Читать дальше...