Birleşen Ştatlar Russiýany we Hytaýy özüniň ýadro programmalary boýunça has köp açyk we aýdyň bolmaga çagyrdy. ABŞ bu çagyryşyny dünýäniň ýadro ýaragly bäş döwletiniň wekilleriniň Pekinde geçirýän duşuşygynyň dowamynda etdi.
Şu günler Aşgabatda sakgal goýberýän adamlara garşy görülýän çäreler gaýtadan güýçlendi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylarynyň biri habar berýär.
Türkmenistanda häkimiýetleriň VPN tilsimlerine garşy girizen çäklendirmeleri öz güýjünde galýar.
Talyplar häkimiýetden agdarylandan tas iki onýyllyga golaý soň Owganystanyň ýaşlary öz günbatarly deň-duşlaryndan barha az tapawutlanýarlar. Şol bir wagtda “Ýurda indiden beýläk näme garaşýar?” diýen sorag jogapsyz galýar. Has anyk maglumatlary “Roýtersden” alyň.
Aşgabatda şäherinde soňky iki hepdäniň dowamynda metjitlerde juma namazyna goşulýan ýetginjekleri metjitden kowmak güýçlendi diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.
Indi Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow sanly wideoaragatnaşyk arkaly günde-günaşa maslahat geçirýär.
Wenesuelanyň Ýokary sudy oppozisiýa lideri Juan Guaido garşy syýahat gadagançylygyny girizdi we onuň bank hasaplaryny doňdurdy. Geçen hepde 35 ýaşly Guaido özüni geçiji prezident hökmünde yglan edipdi. Birleşen Ştatlary we beýleki döwletler prezident Nikolas Madurony bikanun prezident atlandyryp, Guaidony goldadylar. ABŞ ýurduň çöken ykdysadyýetiniň esasy girdeji çeşmesi bolan döwletiň eýeçiligindäki PDVSA nebit kärhanasyna garşy sanksiýalary girizipdi. 29-njy ýanwarda Wenesuelanyň baş prokurory... Читать дальше...
Dünýäniň ýadro ýaragly bäş döwletiniň wekilleriniň Pekinde geçirýän duşuşygynyň dowamynda, ABŞ Russiýadan we Hytaýdan özleriniň ýadro programmalary dogrusynda has köp açyklygy sorady. Iki günlük konferensiýanyň dowamynda ýadro ýaraglarynyň proliferasiýasynyň, ýagny möçberiniň artdyrylmagynyň öňüni almak maksat edinilýär. Pekiniň, Moskwanyň we Waşingtonyň wekillerinden başga-da, konferensiýa Londonyň we Parižiň hem resmileri gatnaşýarlar. Britaniýa, Hytaý, Fransiýa, Russiýa we Birleşen Ştatlary... Читать дальше...
“The Washington Post” neşiriniň berýän maglumatyna görä, rus resmileri Demirgazyk Koreýanyň ýarag programmasyndan el çekmeginiň öwezine, ýadro-elektrik desgasyny gurup bermegi teklip edipdir. Neşir ABŞ-nyň anonim bir çeşmesine salgylanyp Moskwanyň bu baradaky teklibini mundan birnäçe aý ozal edendigini aýdýar. Maglumata görä, ABŞ-nyň aňtaw gulluklary bu barada 2018-nji ýylyň aýagynda habarly bolupdyrlar. Makalada bellenilşi ýaly, Russiýa desgany gurmagy we dolandyrmagy öz üstüne alýar, şeýle-de... Читать дальше...
Eýranyň ýokary derejeli howpsuzlyk resmisi Tähranyň özüniň raketa ulgamynyň gerimini giňeltmegi göz öňünde tutmaýandygyny aýtdy. Mundan öň, Tähran Fransiýanyň we Günbataryň beýleki döwletleriniň Eýranyň ballistik raketalary boýunça edýän basyşlaryny ret edipdi. “Eýranda harby raketalarynyň gerimini giňeltmek boýunça hiç hili ylmy ýa-da iş ýüzündäki çäklendirmeleri ýok. Emma, goranmak doktrinasyna laýyklykda, biz raketalaryň takyklygyny artdyrmak ugrunda iş alyp barýarys. Olaryň gerimini giňeltmek barada gürrüň edilmeýär” diýip... Читать дальше...
Pakistanda polisiýa edarasyna edilen hüjümde azyndan sekiz adam, şol sanda ýedi polisiýa ofiseri öldürildi, 21-i hem ýaralandy. Bulujystan welaýatynyň günorta-günbataryndaky Loralai şäheriniň resmileriniň beren maglumatyna görä, hüjüm täze işgärleri synagdan geçirmek üçin gurnalan çärede ýüze çykypdyr; çärä 900-e golaý dalaşgär ýygnanypdyr. Üç hüjümçiniň ählisi awtomatiki ýaraglar bilen ýaraglanyp, olaryň bilinde janyndan geçeniň guşaklary hem bolupdyr. Hüjümçileriň ikisi özüni partlatdy, üçünjisi bolsa... Читать дальше...