Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2018
31

Новости за 25.12.2018

Azathabar.com 

Türkmenistan ilkinji gezek atly olimpik ýaryşyna gatnaşyp biler  

Türkmenistanyň ýygyndysy ilkinji gezek Olimpiadanyň atly ýaryşy üçin kwalifikasiýa bäsdeşligine gatnaşyp biler.  Media maglumatlaryna görä, Moskwanyň "MaximaStables" atçylyk sport klubynda 2019-18-23-nji iýun aralygynda geçiriljek kwalifikasiýa bäsdeşligi "C" toparyna girýän komandalaryň arasynda geçiriler.  Maglumatda habar berlişine Merkezi we Gündogar Ýewropa, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýygyndy komandalaryny öz içine alýan "C" toparynyň gatnaşyjylary Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmak üçin... Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkiýe Siriýada Ýefrat derýasyny kesip geçmegi karar etdi

Türkiýe Siriýanyň demirgazygynda Ýefrat derýasynyň gündogar bölegini mümkin boldugyndan tiz kesip geçjekdigini mälim etdi. Bu barada Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlýut Çawusoglu öz ýurdunyň Siriýa bilen serhedine goşunlaryny ibermeginiň ertesi 25-nji dekabrda aýtdy. "Eger Türkiýe Siriýa girjegini aýdýan bolsa, bu tiz bolar" diýip, Çawusoglu žurnalistlere aýtdy. “Biz Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky giňişliklerine mümkin boldugyndan girmegi planlaşdyrýarys" diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Rim Papasy Fransis dünýäniň has sada bolmagyna çagyrdy

Rim Papasy Fransis dünýäniň has sada bolmagyna, aşa maddy bolmazlygyna çagyrdy we baý-garyplaryň arasyndaky ägirt uly aratapawudy ýazgardy. Fransis bu çykyşyny 24-nji dekabrda gije Watikanyň San Peter ybadathanasynda Kristmasyň öňýanyndaky adaty ybadatynda etdi. 82 ýaşly Papa Ysa pygamberiň garyplykda we asudalykda dogulmagynyň her bir adama durmuşyň hakyky manysy barada habar berýändigini belledi. Fransis Ysanyň dogulmagynyň durmuşyň täze ýoluny, ýagny onuň "iýmek we toplamak däl-de, paýlaşmak hem bermekdigini" görkezendigini aýtdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Resmiler 'Pussy Riot' agzasynyň oturan koloniýasynda 'iş gulçulygynyň' üstüni açdylar

Orsýetiň Tussaghanalara gözegçilik boýunça federal gullugy (FSIN) Mordowiýadaky aýallar koloniýasynda zenan tussaglaryň arasynda gulçulyk ýagdaýlaryň bolmagyna degişli jenaýat işini gozgamagy prokurorlardan sorady.  FSIN gullugynyň başlygynyň orunbasary Waleriý Maksimenkonyň 24-nji dekabrda aýtmagyna görä, IK-14 tussaghanasynyň müdiri Ýuriý Kupriýanow we ýene sany takyk edilmedik ençeme resmi işden boşadylypdyr. K-14 tussaghanasynda tanymal aktiwist Nadežda Tolokonnikowa türme möhletiniň uly bölegini geçiripdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Kabulda söweşijileriň hüjüminde onlarça adam wepat boldy

Owgan resmileriniň aýtmagyna görä, söweşijileriň Kabulyň gündogar böleginde hökümet edaralaryna eden hüjümi zerarly azyndan 43 adam wepat bolupdyr. Bu ýerde birnäçe sagatlap ok atyşyk dowam etdi. Saglyk ministrliginiň metbugat-wekili Waheed Majroh 24-nji dekabrda Jemagat ministrliginiň we beýleki döwlet edaralarynyň ýerleşýän binasyna edilen hüjümiň netijesinde ýene 25 adamyň ýaralanandygyny aýtdy.  Söweşijileriň hüjümi janyndan geçen hüjümçiniň binanyň girelgesinde bombasyny partlatmagyndan soň başlandy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Türkmenistanyň täze ýyl arçasy Merkezi Aziýada beýik bolup çykdy

Aşgabatda dikilen täze ýyl arçasy tutuş Merkezi Aziýada iň beýik bolup çykdy. Täzelikler neşri "Fergana" Merkezi Aziýa regionynda täze ýyl arçalarynyň ululygy boýunça 25-nji dekabrda özboluşly sanawy çap etdi. Oňa laýyklykda, Aşgabatdaky arçanyň beýikligi 38 metr. Ikinji ýerde Daşkendiň arçasy durýar onuň beýikligi 35 metr. Duşenbede 28 metrlik arça dikilipdir. Bişkekde we Astanada täze ýyl arçalarynyň beýikligi 25 metrden. Şu ýyl Türkmen paýtagtynyň täze ýyl bezegleri milli ertekileriň stilinde berjaý edilýär. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus