21-nji dekabrda “Türkmenistanyň alternatiw habarlary” saýty “Türkmenistanda bagtyýarlyk we berkararlyk döwrüniň krizisi” diýen at bilen wideo maglumat çap etdi.
Russiýanyň Merkezi harby okrugynyň ýolbaşçysy Russiýanyň Goranmak ministrligine 25-nji dekabrda beren maglumatynda Türkmenistan we Özbegistan bilen Russiýanyň arasyndaky harby türgenleşikleriň täzeden dikeldilendigini habar berdi.
Türkmenistanyň prezidenti Indoneziýanyň hökümetine ýurtda bolan güýçli sunami bilen baglylykda gynanç bildirdi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň Indoneziýanyň prezidenti Džoko Widodo ýolan gynanç hatynyň mazmuny 25-nji dekabrda türkmen mediasynda çap boldy. 21-nji dekabrdan 22-nji dekabra geçýän gijesi Indoneziýanyň Ýawa we Sumatra adalarynyň arasyndan geçýän Zond bogazynda dörän suw joşguny zerarly 429 adam wepat boldy we bir ýarym müň çemesi adam ýaralandy. Ýene 150-den gowrak adam ýiten hasaplanýar. Читать дальше...
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Moskwanyň Ukrainanyň belli fiziki we ýuridiki şahslarynyň garşysyna girizen sanksiýalaryny giňeltdi.
Täze ýyl baýramy mynasybetli geçiriljek dabaralar üçin ene-atalardan pul ýygnaýan mekdep we çagalar baglarynyň ýolbaşçylary Aşgabadyň prokuraturasyna çagyrylýar diýip, “Hronika Türkmenistan” neşiri habar berýär.
25-nji dekabrda Pakistanyň günorta port şäheri Karaçide pakistanly syýasatçy näbelli ýaragly tarapyndan oka tutuldy. Hüjümçi gaçyp gutuldy. 46 ýaşly öňki kanun çykaryjy Ali Raza Abidi hüjümde agyr ýaralandy we soň keselhanada wepat boldy, diýip polisiýanyň baş wekili Jawed Alam Odho žurnalistlere aýtdy. Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, Abidi hüjüme sezewar edilen pursadynda öz awtoulagynda ýeke bolupdyr. Onuň jesedinde dört sany ok tapylypdyr. Hüjümiň jogapkärçiligini hiç kim öz üstüne almady.... Читать дальше...
Gyrgyzystanyň dag-lyža kurortlary barha kän syýahatçy çekýär, dogry, olar häzirlikçe esasan ýerli adamlar. Dynç alýanlar bu ýere daşary ýurtlulary çekmek üçin häkimiýetleriň infrastrukturany döwrebaplaşdyrylmalydygyny aýdýarlar. Has anyk maglumatlary “Roýtersden” alyň.
Hytaýyň demirgazygynda tussaglykdaky adam hukuklaryny goraýjy aklawçy Wang Kuanžangyň sudy güýçli howpsuzlyk şertleriniň berjaý edilmeginde geçýär. Ol üç ýyl mundan öň aktiwistlere garşy giňişleýin çäreleriň dowamynda tussag edilipdi. 26-njy dekabrda Tianjin şäherinde suduň geçen ýerinde 20 golaý polisiýa gözegçiligi berjaý etdi. Suduň daşynda geçirilen protestleriň netijesinde iki aktiwist polisiýa tarapyndan alnyp gidildi, žurnalistlere, daşary ýurtly diplomatlara we aktiwistiň tarapdarlaryna suduň jaýyna girmek gadagan edildi. Читать дальше...
Bu söhbetdeşlik 15-nji dekabrda, Pena Rejebowyň 100 ýyl öň doglan gününiň bir gün öňünden efire berildi.
Rim Papasy Kristmas baýramçylygy mynasybetli 25-nji dekabrda Watikanda eden çykyşynda dünýäni "öz bähbitlerini" bir ýana goýup, Siriýadaky, Ýemendäki konfliktler we beýleki gyzgyn nokatlar boýunça syýasy çözgüt tapmaga ündedi. Fransis bu çagyryşyny San Peter ybadathanasynyň öňündäki meýdançada ýygnanan müňlerçe adamyň öňünde şähere we tutuş dünýä niýetlenen adaty "Urbi et Orbi" çykyşynda aýtdy. "Meniň bagtly Kristmas arzuwym doganlyk islegimdir. Ähli milletleriň we halklaryň adamlarynyň arasyndaky doganlykdyr. Читать дальше...
Azatlyk radiosynyň habarçylary ýurtda derman problemasynyň gitdigiçe çylşyrymlaşýandygyny, regionlaryň ýaşaýjylaryny sanjym iňňelerinden başlap, ýönekeý dermanlara çenli paýtagtdan sargap getirtmeli biolýandyklaryny habar berýärler.
Bosnia-Herzegowinanyň etnik serb böleginde polisiýa oglunyň ölümine degişli hakykaty gözläp çykyş eden we protestleriň döremegine sebäp bolan adamy tussag etdi. Ol polisiýanyň soraga çagyrmagyndan ýüz öwrüpdi. Polisiýa Dawor Dragiçewiçi 25-nji dekabrda Srbska Respublikanyň paýtagty Banja Lukada tussag etdi. Ýene ençeme adam, şol sanda Dragiçewiçiň öňki aýaly hem tussag edildi. Dragiçewiç maşgalasynyň aklawçysy Dawor Dragiçewiçiň tussag edilmeginiň dowamynda ejir çekendigini aýtdy. Polisiýa bu aýyplamalary ret etdi. Читать дальше...
Orsýetiň premýer-ministri Dmitriý Medwedew Orsýetiň Ukrainanyň käbir raýatlary we guramalary babatyndaky nyşanalaýyn sanksiýalaryny ýaýbaňlandyrdy. Medwedew gol çeken kararynyň "Orsýet döwletiniň, kompaniýalarynyň we raýatlarynyň bähbitlerini goramaklyga" gönükdirilendigini 25-nji dekabrda Twitterde ýazdy. 200 çemesi adam we gurama sanawa salnypdyr, emma olaryň atlary we beýleki goşmaça maglumatlar berilmedi. 1-nji noýabrda Orsýet Ukrainanyň 322 raýatyna we 68 guramasyna garşy "ýörite ykdysady çäreleri" girizdi. Читать дальше...