Türkiýe Siriýada Ýefrat derýasyny kesip geçmegi karar etdi
"Eger Türkiýe Siriýa girjegini aýdýan bolsa, bu tiz bolar" diýip, Çawusoglu žurnalistlere aýtdy.
“Biz Ýefrat derýasynyň gündogaryndaky giňişliklerine mümkin boldugyndan girmegi planlaşdyrýarys" diýip, Türkiýäniň daşary işler ministri aýtdy.
Türkiýe agzalan giňişlikde täze harby operasiýasyna başlamakçydygyny şu aýyň başynda aýdypdy.
Geçen hepdede ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp Siriýadan amerikan goşunlaryny çykarmak kararyny yglan edip, bu çäresini tamamlaýança Türkiýäniň öz kampaniýasyny yza tesdirmegine çagyryş edipdi.