Добавить новость
World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Ноябрь
2018

Новости за 01.11.2018

Azathabar.com 

Türkmen manady 25 ýaşady

Bu gün 1-nji noýabrda Türkmenistan milli pul birliginiň – türkmen manadynyň dolanyşyga girizilmeginiň 25 ýyllygyny belleýär.

Azathabar.com 

Daşoguzda bergili maşgalalaryň gazyny, toguny kesýärler

Daşoguz welaýatynyň ilatyny gaz we elektrik energiýasy bilen üpjün edýän edaralar şu günler ýaşaýjylardan tölegleri guramaçylykly toplamak boýunça dürli çäreleri görýärler. Azatlygyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, bergili maşgalalary tölemäge mejbur etmek üçin çäreleriň arasynda hojalyklaryň gazyny we toguny kesýärler.  ​"Gaz edaralaryň işgärleri ýaşaýjylaryň hasaplaýjylarynyň gowy işleýändigini barlap görýärler we näçe gaz ulanylandygyny anyklap, zerur kwitansiýalary we resminamalary talap edýärler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Aşgabatda Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty başlanýar

Türkmenistanda Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty başlanýar. 1-nji noýabrda agşam sagat 20:00-da başlajakdygy aýdylýan halkara sport çäresi 10-njy noýabra çenli dowam eder we bu halkara sport çäresi Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginde geçiriler. Şol bir wagtda, paýtagtda okuwçylaryň, studentleriň we býujet işgärleriniň müňlerçesi çempionatyň açylyş dabarasyna görülýän taýýarlyk çärelerine gatnaşmaga mejbur edilýär. Agyr atletika boýunça Dünýä çempionaty ilki Perunyň paýtagty Limede geçirmek planlaşdyrylypdy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Pakistanda hristiýan aýalyň aklanmagy protestleri döretdi

Pakistan dine dil ýetirmek aýyplamalary esasynda ölüm jezasyna höküm edilip, sekiz ýyl türmede saklanan bir hristiýan aýalyny azatlyga goýberdi. Mundan öň, ýurduň Ýokary Sudy Asia Bibä çykarylan hökümi ýatyrypdy. Suduň bu hökümi gahar-gazaply protestleri döretdi, aşa-dinçi yslam partiýasy bolsa, ölüm haýbatlary bilen çykyş etdi. Asia Bibi çarşenbe güni azatlyga goýberilenden soň, howpsuzlyk aladalary sebäpli, belli edilmedik bir ýere äkidildi. Bibiniň aklawçysy, onuň soňy bilen ýurtdan çykaryljakdygyny mälim etdi. Читать дальше...

Azathabar.com 

Stambulyň baş prokurory Khaşogginiň bogulyp öldürilendigini aýdýar

Stambulyň baş prokurory žurnalist Jamal Khaşogginiň saudlaryň konsulhanasyna giren pursady bogulyp öldürilendigini, soňy bilen-de onuň jesediniň “böleklere bölünendigini” aýtdy. Saud Arabystanynyň tagt başyndaky şazadasy Muhammad bin Salmanyň ýiti tankytçysy bolan Khaşoggi 2-nji oktýabrda saudlaryň Stambuldaky konsulhanasyna gireninden soň ýitirim bolupdy. Žurnalistiň öldürilmegi halkara derejesinde nägileligi döredipdi. Riýadh şa maşgalasynyň bu waka bilen ilteşiginiň ýokdugyny aýdýar. Saudlar... Читать дальше...

Azathabar.com 

Rohani eýranlylary “agyr” aýlara taýýarlanmaga çagyrdy

Prezident Hassan Rohani eýranlylara ýüzlenip, ABŞ-nyň Tährana garşy girizjek täze sanksiýalary netijesinde, ýurtdaky ýagdaýlaryň has-da ýaramazlaşmagynyň mümkindigi barada duýdurdy. “Soňky aýlarda adamlaryň ýagdaýy gaty agyr boldy. Munuň öňümizdäki aýlarda hem dowam etmegi mümkin” diýip, Rohani hökümetiň mejlisinde çykyş etdi. Prezident Donald Tramp maýda ABŞ-ny 2015-nji ýylda baglaşylan Ýadro ylalaşygyndan çykarypdy. Şeýle-de, Waşington awgustdan başlap Tährana garşy sanksiýalary ýaňadandan girizip başlady. Читать дальше...

Azathabar.com 

Putin Prawoslaw kilisesiniň bölünmeginiň netijeleri barada duýdurdy

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Prawoslaw kilisesiniň bölünmeginiň “örän agyr netijeleriniň” boljakdygyny duýdurdy. Şu aýyň başynda Konstantinopolyň Älem Patriarhy Warfolomeý ukrain kilisesiniň öz awtokefalyny edinmek haýyşyny ykrar etmek boýunça prossesi dowam etdirmek baradaky kararyny yglan edipdi. Warfolomeý dünýäniň 300 milliondan gowrak prawoslaw hristiýanlarynyň lideri hasaplanýar. Şol bir wagtda, Ukrainanyň kilisesi rus täsirinden resmi derejede azat bolmak ugrunda tagalla edýär. Читать дальше...

Azathabar.com 

“Talyban” ozalky Guantanamo tussaglaryny syýasy edarasynyň wekilleri hökmünde belledi

“Talyban” ABŞ-nyň Guantanamo aýlagyndaky harby türmesinde on ýyldan hem aşa wagt saklanan bäş jeňçini özüniň Katardaky syýasy edarasynyň agzalary edip belländigini aýdýar. Maglumata görä, “Talybanyň” ozalky kommandirleri – Mohammad Fazl, Mohammad Nabi, Khairullah Khaikhwa, Abdul Hak Wasik we Nurullah Nuri geljekde Owganystan bilen bagly geçiriljek islendik parahatçylyk gepleşiklerine gatnaşarlar. “Talybanyň” metbugat wekili Zabiullah Mujahid ozalky kommandirleriň 2014-nji ýylda Kubadaky türmeden azatlyga goýberilenden soň... Читать дальше...





Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus