Pakistanda hristiýan aýalyň aklanmagy protestleri döretdi
Suduň bu hökümi gahar-gazaply protestleri döretdi, aşa-dinçi yslam partiýasy bolsa, ölüm haýbatlary bilen çykyş etdi.
Asia Bibi çarşenbe güni azatlyga goýberilenden soň, howpsuzlyk aladalary sebäpli, belli edilmedik bir ýere äkidildi. Bibiniň aklawçysy, onuň soňy bilen ýurtdan çykaryljakdygyny mälim etdi.
Bäş çaganyň ejesi, 54 ýaşly Bibi roman katoligidir. Fransiýa we Ispaniýa oňa başpena hödürlediler.
Bibi 2010-njy ýylda Muhammet Pygambere dil ýetirmekde aýyplanyp, ölüme höküm edilipdi. Çarşenbe güni geçirilen sud diňlenişiginde, Bibiniň bu jenaýaty edendigi barada ýeterlik delilleriň ýokdugy, şeýle-de oňa bildirilen aýyplamalaryň “ýalandygy” bellenildi.
Suduň karary hukuk aktiwistleri tarapyndan gowy garşylandy.
Şol bir wagtda, bu aşa-diçi Tahrik-e Lebaik Pakistan partiýasynyň tarapdarlarynyň gahar-gazabyna sebäp boldy. Olar Lahor we Karaçi şäherlerinde köçeleri petiklediler.