Saud Arabystany TOPH-yň gurluşygyna niýetläp, Türkmenistana bahasy 40 million dollarlyk 35 müň metrden gowrak geçiriji polat turbalaryny iberýär. Ýöne has ozal türkmen resmileri taslamanyň türkmen böleginiň tamamlanandygyny aýdypdylar.
Halkara polisiýa agentligi Interpolyň täze ýolbaşçysynyň saýlanmagy ugrundaky ses berilişigiň öňüsyrasy bu gurama basyş astyna düşdi.
Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, paýtagtyň ähli söwda nokatlary soňky ýarym ýyllykda gizlin satylan çanak antennalarynyň söwdasyny bes edipdir.
Türkmenistanyň döwlet dükanlarynda çilim satylyp başlandy; ol dükanlaryň ýeňse gapysyndan her gün ir sagatlarda bir ýa bir ýarym sagat çäginde satylýar we derrew gutarýar.
Pasha adasynyň ýerli ýaşaýjylary Londona tarap ýola düşdüler. Olar Britan muzeýine baryp, onuň ýolbaşçylaryny öz ata-babalaryny şekillendirýän äpet daş heýkelleriniň birini yzyna bermäge yrmakçy bolýarlar. Has anyk maglumatlary “Roýtersiň” reportažyndan alyp bilersiňiz.
Halkara polisiýa agentliginiň, ýagny Interpolyň täze ýolbaşçysynyň saýlanmagy ugrundaky ses berilişigiň öňüsyrasy, ABŞ-nyň senatorlary we beýlekiler bu wezipä Russiýanyň Içeri işler ministrligindäki ýokary derejeli bir resmisiniň saýlanmagyna garşy duýduryş berdiler. Britan mediasynda bu wezipä uly ähtimallyk bilen 56 ýaşly general-maýor Aleksandr Prokopçugyň saýlanmagynyň mümkindigi barada maglumatlar peýda boldy. Mundan öň, Moskwanyň Interpolyň proseduralaryny özüniň syýasy duşmanlaryny yzarlamak... Читать дальше...
Türkmenistanyň prezidenti Täze ýyl baýramçylyklaryny garşylamaga hem-de bu mynasybetli geçiriljek dürli çäreleri guramaga örän jogapkärli çemeleşmegiň wajypdygyny nygtady.
Russiýanyň Dagystan respublikasynda sud žurnaliste hüjüm etmekde we onuň işine päsgelçilik bermekde aýyplanýany günäli tapdy. Mahaçkalanyň sudy Karim Kasumowy rus dilinde maglumatlary çap edýän Kawkaz Çitimi neşiriniň žurnalisti Patimat Mahmudowa hüjüm etmekde we onuň kamerasyny döwmekde günäli tapyp, ony şertli ýagdaýda 18 aý türme tussaglygyna höküm etdi. Mahmudowanyň aklawçysy hökümiň has ýeňildigini aýdyp, suduň bu kararyna şikaýat etjekdiklerini belledi. Bu hadysa 2017-nji ýylyň iýunynda... Читать дальше...
Täjigistanyň baş prokurory iýulda daşary ýurtly dört welosipedçini öldürmekde şübhelenýän esasy aýyplanýana ömürlik türme tussaglygynyň soraljakdygyny aýtdy. Bu barada Azatlyk Radiosyna 15 aýyplanýanyň üstünden ýapyk gapylaryň aňyrsynda geçirilýän sud diňlenişigine gatnaşyjylaryň biri maglumat berdi. Atlandyrylmasyzlygyny soran çeşme Hüseýin Abdusamadowyň we beýleki aýyplanýanlaryň sudda soňky sözlerini aýdandyklaryny hem mälim etdi. 29-njy iýulda Täjigistanyň günortasynda dört, ýagny ABŞ-ly bir erkek we bir aýal maşgala... Читать дальше...
Pakistanyň premýer-ministri Imran Khan prezident Donald Trampyň Yslamabadyň ABŞ üçin “ýekeje-de zat” etmändigi baradaky belliklerine jogap edip, haýsy ýaran ýurduň jeňçilere garşy söweşde has köp gurban getirendigi baradaky soragy orta atdy. Imran Khan özüniň Twitter hasabynda 2001-nji ýylyň 11-nji sentýabryndaky terroristik hüjümlerinden soň başlanan “ABŞ-nyň terrora garşy söweşinde” Pakistanyň 75 müň adamy we 123 milliard dollary ýitirendigini aýdyp, ýazgy galdyrdy. Şeýle-de, ol ABŞ-nyň Pakistana... Читать дальше...
Makedoniýanyň Daşary işler ministrligi Wengriýanyň Skopýedäki ilçisini çagyryp, Budapeştden ozalky makedon premýer-ministri Nikola Gruýewskiniň gaçybatalga arzasyny ret etmegini resmi derejede sorady. Gruýewski şu aýyň başynda türme tussaglyk höküminden gaçyp, Wengriýa aşypdy. Makedoniýanyň döwlet sekretary Wiktor Dimowskiý ilçi Laszlo Dukese “protest notasyny” gowşurdy diýip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar. Mundanam başga, wengr hökümetine 48 ýaşly ozalky premýer-ministriň yzyna öwrülmegini... Читать дальше...