Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Soçi: Orsýet, Eýran we Türkiýe Siriýany maslahat edýärler

Siriýada parahatçylyk ugrunda yzygiderli Gazagystanda geçirilen gepleşikleriň howandarlary Orsýet, Eýran we Türkiýe 30-31-nji iýulda Orsýetiň Gara deňziň boýundaky Soçi şäherinde duşuşýarlar.


Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň 29-njy iýulda habar bermegine görä, gatnaşyjylar Siriýanyň konstitusion komitetiniň döredilmegi, Siriýada döredilen konfliktsiz zonalar bilen bagly meseleleri we gumanitar temalary ara alyp maslahat ederler.


Orsýetiň döwlet tarapyndan döredilen TASS täzelikler agentligi orsýet delegasiýasyna Orsýetiň Siriýa boýunça gepleşik alyp barýan baş wekili Aleksandr Lawrentiewyň baştutanlyk edýändigini habar berdi.  


Soçidäki duşuşyga Eýranyň daşary işler ministriniň orunbasary Hossein Ansari we onuň türkiýeli kärdeşi Sedat Onal gatnaşýar. BMG-niň Siriýa boýunça ýörite wekili Staffan de Misturanyň we Iordaniýanyň wekilleriniň ýu gepleşiklere gözegçi hökmünde gatnaşýandygyny TASS agentligi habar berdi.


Habar agentligi ABŞ-nyň resmileriniň gepleşiklere gatnaşmakdan saklanandygyny habar berdi.


Siriýadaky konfliktde dürli taraplary eýeleýän Türkiýe, Orsýet we Eýran tarapyndan geçen ýylda Gazagystanyň paýtagty Astanada başlanan gepleşikler prosesi esasan ok atyşygy bes etmek ýaly harby meselelere gönükdirilýär.  


BMG-niň baştutanlygynda Ženewada geçirilýän aýra gepleşiklerde syýasy meseleler maslahat edilýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus