Ukraina: Uruş zonasynda tussag edilen orsýetli adama 10 ýyl kesildi
25-nji ýanwarda bu regionyň sudy Wiktor Ageýewi terrorizmde we ýaraglary bikanun saklamakda günäli tapyp, şol güni hem ýyl kesdi. Bu barada Ageýewiň aklawçysy Wiktor Çewhuz Facebook sosial ulgamynda ýazan maglumatynda mälim etdi.
Geçen ýylyň iýun aýynda ukrain häkimiýetleri Ageýewiň uruş operasiýalary döwründe tussag edilendigini we şol operasiýalaryň dowamynda Russiýa tarapdar iki separatistiň we bir orsýetli harby ofiseriň öldürilendigini aýdypdy.
Russiýanyň Goranmak ministrligi Ageýewiň tussag edilen mahaly işjeň harby gullukçy bolandygyny inkär edipdi.