Türkmenistanyň Lebap welaýatynda azyk önümleri iki-üç esse gymmatlady, munuň bilen birlikde amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasy 14 manada ýetdi diýip, Azatlyk Radiosynyň lebaply diňleýjileri habar berýärler.
“Bar zat 2-3 esse gymmatlady. Bärde lebapda dollar 14 manada ýetdi. Näme bolýar ýurtda? Çörek öň 1 manat bolan bolsa, indi iki manat, dollar galdy diýip düşündirýärler” diýip, adynyň tutulmagyny islemedik diňleýjimiz 25-nji ýanwarda habar berdi.
Daşoguzly diňleýjimiziň habar bermegine görä... Читать дальше...