Lebabyň Türkmenabat şäherinde täze ýylyň ilkinji günlerinde käbir hyzmatlaryň nyrhy 100%-e çenli gymmatlady. Gymmatlamany döwlet tarapyndan hojalyklara berilýän suwuň we dellekhana hyzmatlarynyň nyrhlarynda görse bolýar. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 3-nji ýanwarda sebitden maglumat berdi.
Türkmenistanda gyş pasly oba zähmetkeşleriniň işini kynlaşdyrýar. Ýyladyşhanalarda gök önüm ýetişdirýän daýhanlar önümlerini sowukdan goramak ugrunda tagalla edýärler. Hususy ýyladyşhanalar üçin gaz ulanmak gadagan edilensoň, daýhanlar başga çykalga gözlemeli bolýarlar.
Türkmenistanyň iň günortasynda, Owganystan bilen serhet ýakada ýerleşýän ilatly sebitleriň ýaşaýjylary üzňelikden we amatsyz ýaşaýyş-durmuş şertlerinden şikaýat edýärler.