Türkmenistanda bellenilip geçilen Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, 25-30-njy dekabr aralygynda Aşgabat bilen welaýat merkezleriniň arasynda ýolagçy gatnawlary ýygjamlaşdy. Bu ýagdaýyň fonunda, otly, uçar we taksileriň bahasy ep-esli ýokarlandy.
Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda, Mary welaýatynyň orta mekdeplerinde pirotehniki serişdeleriň, partlaýjy maddalaryň emeli usullar bilen ýasalmagyna we ulanylmagyna garşy wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy dekabrda sebitden maglumat berdi.
Türkmenistanda ilat Täze ýyly häkimiýetleriň berk gözegçiligi astynda öçügsi bellemeli boldy. Aşgabatda ençeme adam tussag edildi. Lebapda polisiýa öýlere aýlanyp, ilaty ýörite duýduryşa gol çekmäge mejbur etdi. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçylary maglumat berdiler.