Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ysraýyl Siriýanyň Baş ştabyna zarba urdy, ýurduň günortasyndaky ýagdaýlar ýitileşýär

16-njy iýulda Ysraýyl Siriýanyň paýtagty Damaskda ýerleşýän ýurduň Ýaragly güýçleriniň Baş ştabynyň binasynyň girelgesine dron bilen hüjüm etdi. Bu zarba Siriýanyň günortasynda ýagdaýyň ýitileşmeginiň fonunda amala aşyryldy. Ysraýyl goşuny bu hüjümi Siriýadaky druz azlygynyň goragy hökmünde hökümet güýçlerine garşy amala aşyrandygyny aýtdy. Druzlaryň beduinler bilen çaknyşmagy we onuň yzysüre hökümet goşunlarynyň hüjümleri netijesinde 200-den gowrak adam heläk boldy.

Mundan öň, Siriýanyň hökümet goşunlary ýurduň günortasyndaky Es-Suweýda şäherine girdiler. Ol ýerde druz azlyklarynyň beduinler bilen çaknyşygy bolup geçdi. Siriýanyň Içeri işler ministrliginiň maglumatyna görä, çaknyşyklarda azyndan 30 adam öldi we 100-den gowrak adam ýaralandy.

Emma hökümet goşunlary girizilenden soň, ölenleriň sany 248-e ýetdi diýip, Siriýanyň Adam hukuklary boýunça synçy topary habar berdi. Druzlaryň jemgyýetçilik liderlerinden biri Şeýh Hikmat al-Hajri hökümeti ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda we şäheri bombalamakda aýyplady. Siriýanyň harbylary bolsa diňe garşylyklaýyn ot açýandygyny öňe sürýär.

15-nji iýulda Ysraýylyň harbylary Es-Suweýda sebitiniň töweregindäki Siriýanyň hökümet güýçlerine zarba urdy. Ysraýyl goşunynyň ýaýradan beýanatynda, Ysraýylyň “Siriýadaky druzlara zyýan ýetmeginiň öňüni almaga berk ygrarlydygy” bellenip, munuň “Ysraýylda ýaşaýan druz raýatlary bilen çuňňur doganlyk gatnaşyklary sebäpli amal edilýändigi” aýdyldy.

Ysraýyl harbylary tarapyndan anneksiýa edilen Golan belentlikleriň Siriýa bilen araçäginde 16-njy iýulda çaknyşyklar ýüze çykdy. Onlarça druzyň Ysraýylyň gözegçiligindäki sebite geçjek bolýandygy, şol bir wagtda Golanda ýaşaýan ýüzlerçe druzyň Siriýa tarap geçmäge synanyşyp, Siriýanyň häkimiýetleriniň hereketlerine garşy protest geçirýändigi habar berildi.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus