Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Ýolagçy uçary harby dikuçar bilen çakyşyp, Waşingtonyň golaýyndaky derýa gaçdy

“Amerikan Howaýollarynyň” sebit ýolagçy uçary 29-njy ýanwar agşamy, Ronald Reýgan adyndaky Waşington milli howa menziliniň golaýynda pessaýlap, gonmaga barýan wagtynda “Sikorski H-60” harby dikuçary bilen howada çakyşyp, Potomak derýasyna gaçdy.


Deslapky maglumatlara görä, Kanzasyň Wiçita şäherinden Waşingtona uçýan uçarda 60 ýolagçy we dört ekipaž agzasy bardy.


CNN habar gullugynyň resmilere salgylanyp ýazmagyna görä, dikuçarda tälim uçuşyny amala aşyrýan üç esger hem bar eken.


CNN ölenleriň bardygyny ýazýar, ýöne hukuk goraýjy edaralardaky çeşmäniň habaryna görä, halas edijiler heniz suwdan diri galan ýekeje adamy hem çykarmady. Onuň sözlerine görä, uçar suwa ýykyldy we dikuçar golaýdaky derýa gaçdy.


NBC-niň habarçysy ejir çekenleriň azyndan dört sanysynyň Reýgan howa menziliniň ýangyn stansiýasyna äkidilendigini habar berdi. Olaryň ýagdaýy entek belli däl.


Teleýaýlym Potomak derýasyndaky suwuň temperaturasynyň iki dereje bolandygyny belleýär - gipotermiýa we huşuň ýitmegi başlanmazyndan öň adam şeýle suwda 30 minut saklanyp biler.


CBS News, CBS News heläkçiligiň bolan ýerinde işleýän polisiýa işgärine salgylanyp, 18 jesediň suwdan çykarylandygyny habar berdi.


Çeşmäniň habaryna görä, betbagtçylykdan diri galanlar entek tapylmady.




ABŞ-nyň Federal awiasiýa administrasiýasy (FAA) bu betbagtçylygyň ýerli wagt bilen agşam sagat 9 töwereginde bolandygyny habar berdi.


Wakanyň bolan ýerinde suwa çümüjileriň gatnaşmagynda giň gerimli gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus