Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gazagystan, Türkmenistan sürüjiler üçin wiza talabyny ýatyrmak mümkinçiligini öwrenýär

Gazagystan bilen Türkmenistan sürüjiler üçin wiza talaplaryny ýatyrmak mümkinçiligini öwrenýär diýip, “Biznes Türkmenistan” resmi maglumata salgylanyp habar berýär.


Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň maglumatyna görä, bu çäre Gazagystanyň Türkmenistanyň, Eýranyň we Türkiýäniň çäkleri arkaly Ýewropa uzaýan goşmaça ulag geçelgelerini döretmek tagallalaryna laýyk gelýär.


Gazagystan bu ýurtlar arkaly Ýewropa bazarlaryna çykmak mümkinçiligini berýän täze ulag geçelgesini döretmegi meýilleşdirýär.


Aýdylmagyna görä, Gazagystanyň Ulag ministrligi häzir Türkmenistan bilen ýollarda ýükleriň erkin daşalmagyny üpjün edýän we üstaşyr geçirmek üçin amatly şertleri döredýän ulgamy işläp taýýarlar.


Gazagystan bilen Türkmenistan geçen ýylyň oktýabrynda halkara awtomobil ýük gatnawlary boýunça hökümetara ylalaşygyna üýtgetme girizmek hakyndaky ähtnama gol çekdi. Häzir bu resminamany tassyklamak işleri dowam etdirilýär.


Şeýle-de habarda Gazagystan we Türkmenistan, Hytaý we Özbegistan bilen serhetdäki serhetýaka awtomobil gözegçilik-geçiriş nokatlarynyň döwrebaplaşdyrylandygy, munuň ol geçelgeleriň gündelik geçiriş mümkinçiliklerini 170-den 960 awtomobile çenli artdyryp, serhetden geçilýän wagty 30 minuda çenli azaldandygy bellenýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus