Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Welaýat taksileri Änewdäki duralga goýberilmezden, Gäwersde saklanýar

Türkmenistanda hususy ulagynda paýtagt Aşgabat bilen welaýatlaryň arasynda kireý edýän sürüjiler indi Änewdäki awtoduralgadan hem kowulýarlar. Sürüjiler bu çäräniň özleriniň gazanjyna juda oňaýsyz täsir edýändigini belleýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçysy 29-njy ýanwarda paýtagtdan maglumat berdi.


“Häzir Lebapdan, Marydan ýolagçy getirýän taksileri Ahal welaýatynyň Änew şäherindäki duralga goýbermezden, sebitiň Gäwers obasynda saklaýarlar. Ahaldaky polisiýa işgärleri indi döwlet belgisi welaýatlara degişli bolan ulaglaryň Gäwersden aňry geçmegine rugsat berilmeýändigini aýdýarlar” diýip, hususy ulagynda kireý edýän maryly sürüji anonimlik şertinde gürrüň berdi.




Türkmenistanda indi sekiz ýyldan gowrak wagt bäri döwlet belgisi welaýatlara degişli bolan, Ahaldan daşgary, hususy ulaglaryň Aşgabada girmegine rugsat berilmeýär.


Welaýatlardan paýtagta gelýän hususy ulaglar, şol sanda kireý edýän taksiler Aşgabadyň 20 kilometr çemesi uzaklygynda ýerleşýän Änewiň duralgasynda ýolagçylary düşürmeli bolýardylar. Ýolagçylar bu ýerden başga ulaga münüp, paýtagtdaky barjak ýerine aşýardylar.


“Häzir ýolagçylary Aşgabatdan 50 kilometr çemesi uzakdaky Gäwersde taksiden düşürmeli bolýarys. Bu biziň işimizi gaty kynlaşdyrýar. Sebäbi ýolagçylar ulagdan düşüp, başga ulaga münmäge derek, döwlet belgisi Aşgabada ýa-da Ahala degişli bolan taksileri barha köp saýlap alýarlar. Biziň gazanjymyz günsaýyn azalýar” diýip, maryly sürüji belledi.


Maryly we lebaply sürüjileriň ençemesi soňky ýyllarda hususy ulaglaryny maýyplygy bolan aşgabatly ýa-da ahally adamlaryň adyna geçirip, ulaglary olaryň beren ynanç hatlary esasynda dolandyryp, kireý edendiklerini hem aýdýar.


Ýöne olar geçen ýylyň ahyrynda Türkmenistanda maýyplygy bolan adamlaryň ynanç hatlary esasynda ulag dolandyrmagyň gadagan edilip başlanmagy bilen, bu mümkinçilikden hem mahrum bolandyklaryny belleýärler.


“Öň biz ulagymyzy Aşgabatda hasaba duran maýyplaryň adyna geçirip, döwlet belgimizi AG edip, adamlary paýtagtdaky barjak ýerlerine arkaýyn elterdik” diýip, lebaply sürüji anonimlik şertinde aýtdy.




Sürüjileriň ençemesi häkimiýetleriň welaýat ýaşaýjylaryna garşy yzly-yzyna çäklendirme girizip, özlerini yzygiderli agyr güne salýandygyny belleýär.


“Ilki welaýatlara degişli ulaglaryň Aşgabada girmegini tas doly diýen ýaly gadagan etdiler. Soňra-da maýyplyk boýunça Ynanç hatlary esasynda ulag dolandyrmak gadagan diýdiler, indem Änewe goýbermeýärler we Gäwersden aňry hem geçirmeýärler. Biz özge ýurduň raýatymy?! Eger beýle bolsa, onda döwlet belgisi Aşgabada we Ahala degişli bolan ulaglar hem welaýatlara goýberilmeli däl” diýip, lebaply sürüji sözüni jemleýär.


Bu aralykda, habarçymyz käbir sürüjileriň paýtagtda firmasy bolan tanyşlaryna ýüz tutup, “AG” bilen başlanýan döwlet belgisini almaga synanyşýandygyny belleýär.


“Munuň üçin gowy tanyş tapyp, firma başlygy bilen ylalaşmaly we uly mukdarda pul harçlamaly. Ýöne sürüjiler dilden görkezme esasynda ýene bir gadagançylyk güýje girizilse, bu mümkinçiligi hem ýitirmekden we eden çykdajylarynyň puja çykmagyndan howatyrlanýarlar” diýip, maryly sürüji belledi.


Azatlyk ýokarda beýan edilen ýagdaýlar barada Ahal welaýat häkimliginden we Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugyndan teswir alyp bilmedi.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus