Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan çilime salynýan aksizi ýokarlandyrýar

2024-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap çilim we beýleki temmäki önümlerine salynýan aksiz, ýagny goşmaça tölegleriň gümrük bahasy 116%-den 145%-e çenli galdyrylar.


Bu barada habar berýän ýarym-resmi internet neşirleri ýurduň Salgyt kodeksine degişli düzedişleriň girizilendigini hem ýazýar.


Senagat taýdan öndürilen beýleki temmäki we senagat temmäki çalşyryjylarynyň goşmaça tölegi hem 24,4 %-den 30,5%-e çenli ýokarlandyryldy.


Türkmenistanda çilime garşy göreş 2016-njy ýylda güýçlendi. Şol ýylyň başyndan bäri ýurtda temmäki önümleriniň söwdasy ýiti çäklendirildi, bu babatda ähli ygtyýarlyklar Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligine berildi.




Türkmenistan 2025-nji ýyla çenli ýurdy temmäki önümlerinden doly azat etjekdigini aýdýar.


Munuň bilen bagly 2022-2025-nji ýyllar üçin Milli maksatnama tassyklandy. Soňky ýyllar temmäki önümleriniň gümrük tölegleri yzygiderli artdyrylýar.


Ýurtda çilim gytçylygy ençeme ýyl bäri saklanýar, çilimkeşlere dürli gadagançylyklar girizildi. Emma bu çilim çekilmegini azaltmaýar, çilimkeşlikden saplanmak ýaly sagdynlyk maksatlary iş ýüzünde orun tapmaýar.


Çilimiň söwdasyna girizilen çäklendirmeler çilimini goýup bilmeýän adamlary has uly saglyk töwekgelligine, şol sanda dürli otlary guradyp çekmäge mejbur edýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus