Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Özbek prezidentiniň aýaly Türkmenistanyň prezidentiniň ejesini Daşkende çagyrdy

Özbegistanyň prezidentiniň aýaly Zirorat Mirziýoýewa Türkmenistanyň prezidentiniň ejesi, Halk maslahatynyň başlygynyň aýaly Ogulgerek Berdimuhamedowany Daşkende çagyrdy. Bu baradaky çakylyk türkmen mediasynda 20-nji oktýabrda çap edildi.


9-njy noýabrda özbek paýtagtynda “Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi” atly halkara forum geçirilýär.


Şol bir wagtda, çakylygyň prezident Serdar Berdimuhamedowyň aýalyna däl-de, ejesine ýollanmagynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar.


Soňky 16 ýyldan gowrak wagtyň dowamynda Türkmenistanda Berdimuhamedowlaryň şahsyýet kulty we maşgala kulty üznüksiz berkidilýär. Soňky ýyldan bäri ýurtda Ogulgerek Berdimuhamedowanyň hem propagandasy giňden ýaýbaňlanýar.


Dünýäniň iň ýapyk we repressiw ýurtlarynyň biri hasaplanylýan Türkmenistanyň hökümeti adam hukuklaryny depelemekde, söz-metbugat azatlygyny bogmakda we beýleki esasy azatlyklary berk çäklendirmekde ýyllarboýy tankyt edilýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus