Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistanda 5,3 magnitýudly ýer yranmasy boldy

“Roýters” habar gullugynyň Germaniýanyň Geologiýa ylymlary merkeziniň (GFZ) maglumatyna salgylanyp beren habaryna görä, üçünji gün Türkmenistanda 5,3 bally ýer titremesi boldy.


GFZ-iň maglumatyna görä, ýer titremesi 48 km (29.83 mil) çuňlukda bolupdyr.


“Earthquakelist” neşiriniň maglumatyna görä, 2023-nji ýylyň 16-njy awgustynda Hazar deňzinde, ýerli wagt bilen sagat 06:37-de, Türkmenbaşydan 31 km uzaklykda bolan ýer titremesini güýji 5,2 ball boldy.


Bu neşir ýer titremesiniň 45 km çuňlukda bolandygyny aýdýar.


Bu sebitde 2016-njy ýylyň 26-njy oktýabrynda bolan 5,4 bally ýer titremesinden bäri iň güýçli ýer titremesi, 2014-nji ýylyň 7-nji iýunynda bu sebitde 5,5 bally ýer titremesi boldy diýip, habarda bellenýär.


Türkmenbaşynyň golýaynda bolan ýer titresmesi bu gezek türkmen ýolbaşçylarynyň "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda dynç alýan wagtyna gabat geldi.




Ýöne, resmi habara görä, Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow 14-nji awgustda dynç alşynyň arasyny kesip, Türkmenbaşydan Aşgabada gaýdyp geldi.


Türkmenistan, şol sanda onuň paýtagty Aşgabat seýsmiki taýdan işjeň zonada ýerleşýär we bu ýurtda kiçiräk ýer sarsgynlary ýygy-ýygydan bolup durýar.


Emma türkmen häkimiýetleri, Aşgabatda 1948-nji ýylda bolan güýçli ýer titremesinde köp adamyň ölendigine garamazdan, soňky onýyllyklarda beýik gatly jaýlaryň gurluşygyna milliardlarça dollar harçlardy we ýer yranmalary hakynda metbugatda maglumat bermeýär.


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.


 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus