Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmen howaýollarynyň Aşgabatdan Moskwa reýsi ýatyryldy

Türkmen howaýollarynyň Aşgabatdan Moskwa reýsi ýatyryldy. Bu barada Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmeleri habar berdiler. Bu baradaky maglumat Moskwanyň Domodedowa aeroportunyň websaýtynda hem peýda boldy.


Domodedowa aeroportunyň websaýtyndaky maglumata görä, Aşgabat – Domodedowa ugry boýunça T5 703 belgili reýs Moskwa 1-nji awgustda ýerli wagt bilen 21:15-de gonmalydy. Tabloda türkmen howaýollaryna degişli bu reýsiň ýatyrylandygy görkezilýär.


Azatlygyň Aşgabatdaky çeşmelerine görä, reýs iki tarap boýunça-da, hem Moskwa we yzyna Aşgabat ugurlary boýunça ýatyrylypdyr. Şol bir wagtda, Kazan ugry boýunça meýilleşdirilen reýsler saklanyp galýar.


Reýsiň ýatyrylmagynyň sebäpleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Türkmen howaýollarynyň edaralaryndan maglumat almak başartmady.


Türkmenistandan Russiýa uçuşlary Türkmen howaýollary we Russiýanyň “S7” awiakompaniýasy amala aşyrýar.


“Moskwa ähli reýsleriň ýatyrylandygyny ýazýarlar. Kazana uçuşlar entek amala aşyrylýar. S7-iniň reýsleriniň ýagdaýy belli däl” diýip, Azatlygyň çeşmesi 1-nji awgustda habar berdi.


Türkmenistanda Russiýanyň şäherlerine bolan reýslere uly talap bildirilýär.  Azatlygyň Aşgabatdaky habarçysy Moskwa biletleriň şu ýylyň dekabryna çenli eýýäm satylyp gutarandygyny aýdýar.


Azatlygyň redaksiýasy reýsleriň ýatyrylmagynyň jikme-jiklerini we sebäplerini öwrenmäge synanyşýar.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus