Gyrgyzystan 6-njy iýulda Merkezi Aziýa ýurdunyň esasy oppozisiýa partiýasynyň 10 agzasynyň tussag edilendigini habar berdi. Olaryň ýolbaşçylary döwlet agdarylyşygyny taýýarlamakda aýyplanýar.
Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti "Butun (Birleşen) Gyrgyzystan” partiýasynyň agzalary ýurtda döwlet agdarylyşygyny amala aşyrmak maksady bilen, gizlinlikde köpçüliklýin bidüzgünçilikleri we uly gozgalaňlary guramaga taýýarlandylar” diýdi.
“Butun Gyrgyzystan” partiýasynyň lideri Adahan Madumarow egindeşleriniň tussag edilmegini "syýasy yzarlama" diýip atlandyrdy we häzirki administrasiýanyň “işjeň we öz pikir-garaýyşlary bolan gyrgyz raýatlarynyň ählisini gorkuzýandygyny” öňe sürdi.
Mudumarow häzirki wagtda 2009-njy ýylda gyrgyz-täjik serhet şertnamasyna gol çekilende oýnan roly sebäpli derňelýär.