Мы в Telegram
Добавить новость

Хирург Хорошев: резкая боль в правой части живота указывает на аппендицит

Открытый футбольный турнир «Удар в девятку» прошел в Ленинском округе

Более 1 тыс опор ЛЭП заменят на севере Подмосковья в 2024 г

Российско-китайские деловые встречи прошли в Доме Нижегородской области в столице



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkiýedäki wakadan soň, häkimiýetler raýatlaryň daşary ýurda gitmegini çäklendirmäge ‘çalyşýar’

Türkiýede dört türkmen raýatynyň öz watandaşy tarapyndan wagşylarça öldürilmeginiň yz ýany, türkmen häkimiýetleri ýurt raýatlarynyň daşary döwletlere gitmegini gaýtadan çäklendirmäge çalyşýan ýaly bolup görünýär. Azatlyk Radiosynyň Balkan welaýatynyň migrasiýa edarasyndaky çeşmesi wakadan soň raýatlara biometriki pasport bermegi azaltmak barada Aşgabatdan tabşyrygyň gelendigini aýtdy. Pajygaly waka, soňky günlerde sosial ulgamlaryň türkmenistanly ulanyjylarynyň arasynda-da seslenme döretdi.

“Wakadan soň, sebit ýaşaýjylaryna biometriki pasport bermegi ýa-da onuň möhletini uzaltmagy çäklendirmek barada Döwlet Migrasiýa gullugynyň Balkanabatdaky edarasyna tabşyryk gelip gowuşdy. Aşgabadyň dilden beren bu tabşyrygynda raýatlara biometriki pasport bermegi tas nola çenli azaltmak berk tabşyryldy” diýip, çeşmämiz aýtdy.

Ýatlatsak, 18-nji iýunda Türkiýäniň Izmir şäherinde dört türkmen raýatynyň jesetleri doňduryjynyň içinde tapyldy. Olary öldürmekde aýyplanýan Türkmenistanyň raýaty Saparmurad Hallyew jenaýatlary amala aşyrmagyna “gabanjaňlygyň” sebäp bolandygyny we olary 13-nji iýunda öldürendigini boýun aldy.

Çeşmämiziň sözlerine görä, Döwlet Migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky baş edarasy tabşyrygyň sebäpleri barada düşündiriş bermändir. Azatlyk bu barada Döwlet Migrasiýa gullugyndan we onuň Balkanabatdaky edarasyndan goşmaça maglumat alyp bilmedi.

Bu aralykda, Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçihanasynyň wiza üçin ýüzlenýän türkmen raýatlarynyň resminamalaryny kabul etmegi wagtlaýyn bes edendigi barada hem maglumatlar gelip gowuşýar.

“Iki gün bäri ilçihana adamlaryň resminamalaryny almaýar” diýip, ýagdaýlardan habarly çeşmämiz belledi.

Azatlygyň ynamdar çeşmesiniň maglumatyna görä, türkmen hökümeti türk ilçihanasyna raýatlara wiza bermegi wagtlaýyn bes etmegi haýyş edipdir.

Azatlyk bu aýdylanlar barada Aşgabatdaky türk ilçihanasy we konsulhanasy bilen habarlaşmaga synanyşdy. Ýöne türk wekilhanasynyň resmi websaýtynda görkezilen telefon belgilerine, redaksiýamyzyň 22-nji iýunda eden dowamly synanyşyklaryna garamazdan, hiç kim jogap bermedi.

Bu aralykda, pajygaly waka soňky günlerde türkmenistanlylaryň arasynda sosial ulgamlardaky esasy çekişmeleriň birine öwrüldi. Habarçylarymyz waka bilen bagly garaýyşlary boýunça Instagramdaky we TikTokdaky türkmen ulanyjylarynyň esasan iki topara bölünendigini aýtdylar.

Bir topary munuň türkmen hökümetiniň şowsuzlygynyň netijesidigini aýdyp, şeýle pajygaly ýagdaýlara ýurtdaky ýiti ykdysady kynçylyklaryň we giň ýaýran işsizligiň sebäp bolýandygyny belledi.

Beýleki topar bolsa, Türkmenistanda “bolçulygyň” höküm sürýändigini, özleriniň “gül ýaly durmuşda ýaşaýandyklaryny” öňe sürüp, “daşary ýurda gidip işlemäge zerurlygyň ýokdugyny” aýtdy.

“Sosial ulanyjylaryň bir toparynyň arasynda ‘türkmen zenanlaryna bu hem az’ diýenler hem bar” diýip, habarçymyz belledi.

Bu aralykda, türk mediasy türkmen raýatlary Gülkamar Hanymowanyň, onuň gyzlary Leýla we Laçyn Geldiýazowanyň, şeýle-de gyzlaryň biriniň halaşýan ýigidi Ruslan Kerimowyň öldürilmegi bilen bagly täze maglumatlary köpçülige ýetirmegi dowam etdirýär.

Hanymowa bilen 10 ýyl halaşan Hallyewiň jesetleri 160 bölege bölendigi, şol sanda diňe Kerimowyň jesedini 60 bölege bölendigi anyklandy diýip, “Milliyet” neşiri Hallyewiň mundan öň gassaplyk işinde işländigini hem belledi.

Soňky dört gün bäri türk metbugatynda giňden beýan edilen pajygaly waka barada, adatça bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri dymyşlygyny saklaýarlar.

Azatlygyň 22-nji iýunda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasy we konsulhanasyny bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem oňyn netije bermedi.

Türkmenistanda dowam edýän ýiti ykdysady kynçylyklaryň we işsizligiň arasynda, Türkiýe türkmen raýatlarynyň zähmet migrasiýasy üçin saýlap alýan esasy ugurlarynyň biri bolmagynda galýar.

Türk Migrasiýa edarasynyň 15-nji iýundaky sanlaryna görä, 213 müňe golaý türkmenistanly kanuny esasda Türkiýede ýaşaýar. Ýöne hukuk goraýjy toparlar we türkmenistanly synçylar Türkiýedäki türkmenleriň hakyky sanynyň bu görkezijiden ençeme esse köpdügini aýdýarlar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Улетел в кусты. Сразу четыре такси столкнулись в Зеленограде

В московском районе Бирюлево Западное произошла массовая драка со стрельбой

«И по встречке едут, и через сплошную разворачиваются». Водителям фур ПДД не писаны?

Очевидец рассказал, что участники перестрелки в Москве покинули место ЧП сами

Музыкальные новости

Легенда "Спартака" Ловчев: немного перестал уважать Галицкого за отставку Ивича

Тревел-тату как искусство: Яндекс Плюс запустил проект «Из путешествия – с татуировкой»

Куклы Ульгэра учат детей и подростков ПДД: Россия, Культура, Театр и Дети

Появился трейлер исторического детектива «Плевако» с Сергеем Безруковым в роли легендарного российского адвоката  

Новости России

В «Лосином острове» открылась орнитологическая тропа

Источник 360.ru: на Ленинградском шоссе в САО Москвы случилось ДТП с 8 машинами

СК завёл дело после обнаружения в водоёме в Москве тела младенца

В России приступили к отработке применения ядерного оружия

Экология в России и мире

Почему употребляющим алкоголь и желающим похудеть надо каждый день пить томатный сок: раскрыта его невероятная польза

Модернизация контейнерных площадок продолжается в Реутове

Команда ювелирной сети «585*ЗОЛОТОЙ» приняла участие в благотворительном забеге от фонда «Антон тут рядом»

Российские туристы встретились с таджикскими строителями в Новой Зеландии и были удивлены их жизни и ответами на вопросы

Спорт в России и мире

Рыбакина узнала свое место в новом мировом рейтинге

Арина Соболенко сняла траур по Кольцову и завела новые романтические отношения

Шнайдер вышла в финал турнира WTA-125 в Париже, обыграв Грачёву

Потапова не смогла пробиться во второй круг турнира WTA в Страсбурге

Moscow.media

Старый Гоор.

"Возрождение интереса к народному искусству и ремеслам в современном мире"

ТСД SAOTRON RT-T50: высокопроизводительный терминал сбора данных промышленного класса

АО «ДиМ» демонтировало 40% старого путепровода над железнодорожными путями











Топ новостей на этот час

Rss.plus






«Сапсаны» получат интернет на скорости до 600 Мбит/с

В «Лосином острове» открылась орнитологическая тропа

Бивней нет, есть кувшины. Учёные нашли в столице свыше 100 тыс. артефактов

«На теплоходе по Волге»: Сергей Жуков отмечает день рождения в компании мамы