Gazagystanyň öňki medeniýet ministri 8 ýyl türme tussaglygyna höküm edildi
Kazyýet Muhamediuly döwlet tarapyndan berlen baýraklaryndan mahrum etdi we onuň döwlet wezipelerini eýelemegine ömürlik gadaganlyk girizdi.
Muhamediuly 2022-nji ýylyň maý aýynda, hökümete garşy gurnalan görlüp-eşidilmedik halk protestleri rehimsiz basylyp batyrylandan soň, prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň özünden öňki prezident Nursoltan Nazarbaýewi we onuň ýaranlaryny syýasy sahnadan aýyrmak kampaniýasynyň arasynda tussag edildi. Muhamediuly özüne bildirilen aýyplamalarda bölekleýin günäkär bolandygyny aýtdy.