ABŞ pilotsyz uçarynyň Gara deňze ýykylmagynda rus uçarlaryny günäkärleýär
Pentagon “MQ-9 Reaper” pilotsyz uçarynyň halkara howa giňişliginde ýitmegine sebäp bolandygyny aýdanyndan soň, iki sany Su-27 söweş uçaryndaky rus uçarmanlarynyň "geleňsiz" hereketine nägilelik bildirmek üçin, Waşington Russiýanyň ilçisini çagyrdy.
Pentagonyň metbugat sekretary, brigada generaly Patrik Raýderiň aýtmagyna görä, uçarlaryň biri “MQ-9” dronynyň propellerine galtaşmazyndan öň, görnetin kör etmek ýa-da zyýan ýetirmek maksady bilen, rus uçarlary amerikan dornynyň üstüne ýangyç döküpdir we onuň öňünden uçupdyr.
Russiýanyň Goranmak ministrligi rus uçarynyň amerikan drony bilen çaknyşandygy barada aýdylýanlary ret etdi we onuň "kesgin öwrümden" soň heläkçilige uçrandygyny öňe sürdi.
Rus söweş uçarlary bortdaky ýaraglaryny ulanmady, pilotsyz uçara galtaşmady we sag-aman yzyna gaýdyp geldi diýip, rus ministrligi aýtdy.