Berdimuhamedow Türki Döwletler Guramasynyň Ankara sammitine gatnaşar
Metbugat habarlaryna görä, sammite guramanyň agza döwletleriniň — Azerbaýjan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň prezidentleri, şeýle-de guramanyň synçy agzalary bolan ýurtlardan Türkmenistanyň Halk haslahatynyň başlygy hem-de Wengriýanyň premýer-ministri gatnaşar.
Türki Döwletler Guramasynyň ilkinji sammiti geçen ýyl Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirildi we şonda oňa gatnaşan Gurbanguly Berdimuhamedowa "Türki dünýäniň ýokary ordeni gowşuryldy" diýip, "Türkmenportal" neşiri habar berýär.