Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenbaşynyň bazarlarynda ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleri satylýar

Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň bazarlaryndaky we dükanlaryndaky söwda tekjelerinde ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleriniň ençeme görnüşi peýda boldy. Alyjylar häkimiýetleriň bu ýagdaýlaryň öňüni almaýandygyndan şikaýat edýärler.


"Şäheriň 'Kenar' bazarynda ýaramlylyk möhleti geçen önümleriň arasynda süýji-köke, konserwa önümleri, daşary ýurtlaryň doňdurylan balyk önümleri bar. Bularyň aglabasy daşary ýurtlardan import edilen önümlerdir" diýip, Azatlyk Radiosynyň habarçysy 30-njy ýanwarda gürrüň berdi.


Käbir azyk önümleriniň, şol sanda balygyň, garohyň, mekgejöweniň, maýoneziň we daşary ýurtda öndürilen mal etiniň we hindi towugynyň daşynda ýaramlylyk möhletiniň 2020-nji ýylda gutarandygy görkezilýär.




Alyjylaryň ençemesi telekeçileriň bu önümleri aç-açan satýandygyny, bazar resmileriniň ilatyň saglygyna ýiti howp abandyryp biljek bu ýagdaýlara garşy hiç hili çäre görmeýändigini aýdýar.


"Bazar resmileri bu ýagdaýlardan habarly bolup, bulary görmezlige salýarlar. Sebäbi olar telekeçiler bilen 'özara bähbitli' ylalaşýarlar. Telekeçiler para ýa-da azyk önümleri bilen olaryň agzyny ýumdurýarlar" diýip, ýerli ýaşaýjy anonimlik şertinde aýtdy.


Telekeçileriň ençemesi bolsa, bu azyk önümleriniň aglabasynyň daşary ýurtlardan import edilen harytlardygyny belläp, olar zibile taşlansa, özleriniň uly maddy zyýan çekjekdigini aýdýar.


"Söwdanyň pesligi zerarly harytlary öz wagtynda satyp ýetişmeýäris. Daşary döwletlerde öndürilen azyk önümleriniň aglabasynyň ýaramlylyk möhleti gutaran bolsa-da, olaryň hili gowy bolýar" diýip, türkmenbaşyly bir telekeçi anonimlik şertinde aýtdy.


Galyberse-de, telekeçiler bazarda satylýan, Türkmenistanda öndürilen köp azyk önüminiň-de ýaramlylyk möhletiniň gutarandygyny, ýöne muňa garamazdan, bazarlarda olaryň satuwynyň dowam etdirilýändigini aýdýarlar.




"Türkmenistanda öndürilen et, süýt, gatyk, şöhlat ýaly önümleriniň möhleti geçen badyna ýörite gural getirip, hamana, onuň ýaramlylyk möhleti gutarmadyk ýaly, olaryň daşynda täze sene ýerleşdirýärler. Muny telekeçiler bilen bazar resmilerinden başga adam bilmeýär" diýip, telekeçi sözüne goşdy.


Azatlyk bu aýdylanlar barada degişli döwlet gulluklaryndan, ýerli söwda edarasyndan, şeýle-de agzalýan bazaryň administrasiýasyndan goşmaça maglumat ýa kommentariýa alyp bilmedi.


Ýöne bellesek, Türkmenistanyň köp söwda nokadynda ýaramlylyk möhleti geçen azyk önümleriniň satylýandygy, köp alyjynyň bu barada öýlerine gelende bilip galýandygy hakda Azatlygyň habarçylary soňky ýyllarda ençeme gezek maglumat berdiler.


Geçen ýylyň dekabr aýynyň ahyrynda, Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda Marynyň häkimiýetleri arzan azyk önümleriniň söwdasyny ýola goýup, möhleti geçen süýji önümlerini hem satuwa çykardylar.


Galyberse-de, soňky ýyllarda ýurt resmileri ilaty azyk paýlarynyň gapdalyndan möhleti geçen azyk önümlerini hem satyn almaga yzygiderli mejbur etdiler.


 


Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus