Мы в Telegram
Добавить новость

Депутат Мособлдумы Барсуков поздравил ветерана и труженицу тыла с Днем Победы

Baza: 5 человек погибли из-за отравления неизвестным веществом в Астрахани

Расписание движения поездов на МЦД-1 изменится с 9 по 12 мая

Собянин: Акции «Москва — с заботой об истории» исполнилось 5 лет



World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Prezident ýene Mara bardy. Häkimiýetler sebitdäki elektrik stansiýasynyň işiniň togtatmagyndan aladalanýar

Prezident ýene Mara bardy. Häkimiýetler sebitdäki elektrik stansiýasynyň işiniň togtatmagyndan aladalanýar

Türkmenistanyň prezidenti Serdar Berdimuhamedow, iki gün arakesme bilen, dört günüň dowamynda ikinji gezek Mary welaýatyna sapar etdi. Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň we ýagdaýdan habarly çeşmeleriniň maglumatyna görä, muňa häkimiýetleriň Garagum we Murgap derýalarynyň suwunyň doňmagy zerarly ilat arasynda Mary GRES diýilýän elektrik stansiýasynyň işiniň togtamak ähtimallygy bilen baglylykda aladalary sebäp boldy.

"Şu gün irden prezident Mara geldi. Dynç güni bolandygyna garamazdan, kanun goraýjylaryň ählisi Mary şäherinde nobatçylyk çekdiler. Döwlet baştutany Mary Gres şäherçesindäki GRES - tok öndüriji stansiýa baryp gördi. Öňkülerden tapawutlylykda, bu gezek adamlary köpçülikleýin ýola çykarmasyz etdiler" diýip, Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 29-njy ýanwarda aýtdy.

Ýatlatsak, döwlet baştutany 26-njy ýanwarda hem Maryda iş saparynda bolup, bu ýerde Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisini geçirdi.

Türkmenistanyň metbugat serişdelerinde prezidentiň ýekşenbe güni Mara edendigi aýdylýan sapary barada häzirlikçe hiç zat aýdylmaýar. Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda bu maglumaty ýerli häkimiýetlere hem tassyklatmak ýa inkär etdirmek häzirlikçe başartmady.

Ýöne prezident soňky hepdelerde sebite birnäçe gezek sapar edip, “Galkynyş” gaz känindäki işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy we Garagum derýasynyň doňan böleklerinde derýanyň kenarlaryny berkitmek işine dikuçardan synlady. Bu wakalar ýurtda aýazly howanyň arasynda, ilatyň gaz we elektrik üpjünçiliginiň ýaramazlaşan, häkimiýetleriň derýalaryň kenarlarynda emele gelen buz gatlaklarynyň eräp, suwuň joşmak howpy babatdaky aladalarynyň artan pursadyna gabat geldi.

Azatlygyň käbir çeşmeleriniň maglumatyna görä, prezidentiň soňky sapary, häkimiýetleriň Garagum we Murgap derýalarynyň suwunyň doňmagy zerarly sebitdäki elektrik stansiýasynyň işiniň togtatmagy bilen baglylykdaky aladalary bilen ilteşikli.

"Derýalaryň suwy doňup akman galansoň, GRES tok öndüriji stansiýasynyň işini togtatmak howpunyň uludygy aýdylýar. Häzirki wagtda stansiýa ätiýaçdaky suw saklaýjy kölden suw alyp, ýene yzyna guýýar. Uly suw nasoslary bilen suwy aýlaýarlar we emeli usulda elektrik öndürýärler, emma şol suw nasoslary hatardan çyksa näme etmeli diýip, howsala düşýärler" diýip, çeşmämiz aýtdy.

Onuň sözlerine görä, elektrik hünärmenleri özaralaryndaky söhbetdeşlikde nasoslar hatardan çykan ýagdaýynda tutuş welaýatyň we Türkmenistandan elektrik energiýasyny import edýän ýurtlaryň toksuz galjakdygyny duýdurýarlar.

"Bu uly möçberde zyýan ýetirer. Häkimiýetler howsala düşýär, ýöne bu ýagdaýlary halka ýetirmekden saklanýarlar" diýip, çeşmämiz belledi.

Bu aralykda, häkimiýetler Garagum derýasynda kadaly suw akymyny almak, onuň kenarlaryny berkitmek işlerini güýçli depginde dowam etdirýärler. Olar derýanyň Türkmengala etrabynda ýerleşýän "Zähmet" daýhan birleşiginden geçýän bölegindäki "Üçajy" atly ýere has köp işçi güýjüni çekmäge çalyşýarlar.

"Häkimiýetler derýada emele gelen buz gatlaklarynyň derýany ýaryp, çöl meýdanyna akyp duran ýerini ýapjak bolýarlar. Şol sebäpli Niçka obasynyň golaýyndaky 'Üçajy' atly ýere her gününe 100 manatdan işlejek adamlar ugradylýar" diýip, habarçy aýtdy.

Bu ýere edara-kärhanalaryň we hususy firmalaryň resminamalary düzüw bolmadyk, hiç ýerde ulanylmaýan tehnikalary hem ugradylýar. Bu tehnikalar derýanyň çöle akýan bölegini ýapmak işlerine gatnaşýarlar.

Türkmenistanda şu aýyň birinji hepdesiniň ahyrynda aralaşan adaty klimat kadalaryndan aşa sowuk howa ýurduň çäginden geçýän Amyderýada we Garagum derýasynda buzluklary emele getirdi. Soňky günlerde howanyň maýlap, buzluklaryň eräp başlamagy bilen, derýanyň öz akymyny üýtgedýändigi, häkimiýetleriň derýanyň kenarlaryny berkidip, onuň öňüni almaga çalyşýandygy barada Azatlygyň habarçylary indi 10 gün çemesi wagt bäri maglumat berýärler.

"Derýada kadaly suw akymy üpjün edilmese, diňe ekerançylyk we ilatly ýerlere suw joşmak howpy abanmaýar. Bu ýola goýulmasa, onda Gresiň işine hem oňaýsyz täsir ýetirer. Şol sebäpli munuň bilen Aşgabadyň hut özi gyzyklanýar. Derýada alnyp barylýan işler günde iki gezek dikuçardan wideo düşürilýär we paýtagta iberilýär" diýip, çeşmämiz belledi.

Dünýäniň iň bir ýapyk ýurtlarynyň biri bolan Türkmenistanda häkimiýetler we berk döwlet gözegçiligindäki metbugat serişdeleri bu ýagdaýlar barada aç-açan maglumat bermeýärler. Bu barada Azatlygyň ýerli häkimiýetlerden maglumat almak synanyşygy hem başa barmady.

Ýöne soňky günlerde döwlet baştutany hem, welaýatyň çäklerinden akyp geçýän derýalarda kadaly suw akymyny almak, kenarlary berkitmek boýunça geçirilýän işleriň möhümdigine birnäçe gezek ünsi çekdi. Ol bu barada soňky gezek 26-njy ýanwarda Ministrler Kabinetiniň Maryda geçirilen göçme mejlisiniň çäginde aýdypdy.

Bu aralykda, Azatlygyň başga bir habarçysy Mary şäheriniň käbir etrapçalarynyň ýaşaýjylaryna indi ençeme gün bäri agyz suwunyň bölekleýin berilmeýändigini habar berýär.

"Käbir adamlar etrapdyr obalardaky öýlerine ýa-da şol ýerlerdäki dogan-garyndaşlarynyň öýlerine wagtlaýyn göçdüler. Ýaşaýjylar bu ýerde beýlekiler bilen bir hatarda, hajathana zerurlyklaryny kadaly amal edip bilýärler. Şäherde suwsuz galmak gaty kyn" diýip, habarçy şäher etrapçalarynyň bir aýlap suwsuz galmagynyň mümkindigi barada resmiler tarapyndan tassyklanmadyk maglumatlaryň bardygyny hem aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Baza: со счетов московского монастыря на Ордынке пропали более 26 млн рублей

СМИ ее ошибочно похоронили: как сейчас живет советская актриса Ольга Битюкова

Синоптики спрогнозировали до +9 и облачность в Московском регионе 11 мая

Водитель упавшего с моста в Питере автобуса ранее работал курьером и контролером

Музыкальные новости

Мы продолжаем знакомить вас с артистами цирка Бурятии: Саян Дондоков - Театр и дети, Культура и Россия

Собянин сообщил о сбитом на подлете к Москве беспилотнике

Театр и дети, Культура и Россия: интервью артиста госцирка Бурятии Саяна Дондокова

Эксперт Президентской академии в Санкт-Петербурге о реконструкции крымской Алупки

Новости России

«Я эти яблоки ненавидела». Почему Людмила Зайцева не хочет разбивать огород

Астрологи назвали пять знаков зодиака, которые никогда не извиняются

Тулячка представит свой детский книжный клуб на международном конкурсе в Москве

Синоптики спрогнозировали до +9 и облачность в Московском регионе 11 мая

Экология в России и мире

Одна из целей неофашистского Азербайджана - уничтожение Христианства

Яркое лето с Angsana Velavaru

Стой и не двигайся: доктор Кутушов рассказал, что делать при встрече со змеями

История дельфина, принесшего пользу всей природе

Спорт в России и мире

Касаткина обыграла Марию и вышла в третий круг турнира WTA-1000 в Риме

Греческий теннисист Стефанос Циципас поблагодарил мать за советское воспитание

Россиянки Аванесян и Блинкова вышли во второй тур турнира в Риме

Хачанов победил Шевченко во втором круге турнира ATP в Риме

Moscow.media

В рубрике «Я - артист цирка Бурятии» Саян Дондоков - Театр и дети, Культура и Россия, национальный проект

Беспроводной сканер штрих-кодов SAOTRON P05i промышленного класса

Военные следователи возложили цветы к Мемориалу героической обороны Севастополя 1941-1942 годов

Таня Василькова расскажет (и покажет) «Как прожить в браке без брака»











Топ новостей на этот час

Rss.plus






СМИ ее ошибочно похоронили: как сейчас живет советская актриса Ольга Битюкова

Водитель упавшего с моста в Питере автобуса ранее работал курьером и контролером

Установки «Ярс» вернулись на место постоянной дислокации после парада Победы

В Москве спасатели вытащили из ливневой канализации семерых утят