Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Gyrgyzystan we Özbegistan serhetleri kesgitlemek işini tamamladylar

Gyrgyzystanyň prezidenti Sadyr Žaparow 27-nji ýanwarda döwlet sapary bilen Bişkege baran özbek kärdeşi Şawkat Mirziýew bilen duşuşygynda ýurtlaryň özara serhedini kesgitlemek işiniň tamamlanandygyny aýtdy.


Žaparow bilen Mirziýoýew Gyrgyzystan bilen Özbegistanyň arasyndaky döwlet serhediniň käbir böleklerini tassyklaýan şertnamalary aldylar. 


“Bu hakykatdanam taryhy waka. Biz gepleşiklere we serhet meselelerinde özara kabul ederlikli çözgütleri gözlemäge taýýardygymyzy görkezdik. Serhet meselelerini çözmek bilen geljekki nesillerimiziň berk we ynamly ösüşi we gülläp ösmegi üçin berk binýadyň goýuljakdygyna ynanýaryn "-diýdi Gyrgyzystanyň prezidenti aýtdy.


Mirziýoýew serhetleri kesgitlemek meselesiniň doly çözülmeginiň "ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň we serhetaşa alyş-çalyşlaryň ösmeginde möhüm rol oýnajakdygyny we sebitde durnuklylygy hem howpsuzlygy berkitmäge goşant goşjakdygyny" aýtdy.


Gyrgyzystan we Özbegistan ýurtlaryň arasynda hemmetaraplaýyn strategiki hyzmatdaşlyk Jarnamasyna gol çekdi.


Gyrgyzystanyň Özbegistan bilen serhedi iň uzyn daşarky araçägidir.


Uzynlygy 1314 kilometre barabar serhetdäki utgaşdyrylmadyk bölekler sebäpli konfliktler ýüze çykdy, olaryň käbiri adam pidalaryna sebäp boldy.


Geçen ýylyň noýabr aýynda Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň häkimiýetleri 30 ýyldan gowrak wagt bäri dowam edip gelýän serhet dawasyny bes edendiklerini habar berdiler.


Serhet şertnamasyndan başga-da, Kempir-Abad suw howdanynyň suw baýlyklaryny bilelikde dolandyrmak baradaky şertnama gol çekildi. Onuň ara alnyp maslahatlaşylmagy Gyrgyzystanda nägilelik döretdi.


Gozgalaňlary taýýarlamakda güman edilip, žurnalistler we blogerler bilen birlikde 26 adam tussag edildi. Adam hukuklaryny goraýjylar tussag edilenleriň boşadylmagyny talap edýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.


Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus