Мы в Telegram
Добавить новость

Пешеходные дорожки обновят по ФКГС в сквере Иконникова в Сормове

III класс пожарной опасности ожидается на территории Подмосковья 29-30 апреля

"Цена взлетит в небо": эксперт объяснил, что стоит заранее купить россиянам

Титов дал прогноз на матч «Динамо» - «Зенит»

World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

"Mugt palaw paýlamak kömek etmedi". Daşkendiň häkimi wezipesinden boşadyldy

Özbegistanyň prezidenti Şawkat Mirziýoýew 16-njy ýanwarda, Daşkent şäheriniň ýolbaşçysy (häkimi) Jahongir Artykhojaýewi wezipesinden boşatdy. Döwlet baştutany Artykhojaýewi "gyşa ýeterlik taýýarlyk görmedigi üçin" işden boşadandygyny nygtady. Şol bir wagtyň özünde, Özbegistanyň käbir internet neşirleri öňki häkimiň maşgalasy bilen bilelikde, Özbegistandan uçjak bolanda, Daşkendiň aeroportynda saklanandygyny habar berdiler.

Prezident Şawkat Mirziýoýew energetika krizisi boýunça geçirilen irki maslahatda, Jahongir Artykhojaýewiň wezipesinden boşadylandygyny yglan etdi.

«Näme üçin paýtagtda beýle ýagdaý ýüze çykýar? Näme üçin biz muňa öňünden taýýarlanmadyk? Meni köseýän mesele, biz bu barada näçe aýtsagam, Ministrler kabinetiniň jogapkär [ýolbaşçylary] nirä seretdiler. Şunuň bilen baglanyşykly, gyş möwsümine taýýarlyk görülmändigi sebäpli, hiç bir öňünden kesgitleme bermezden, Daşkendiň häkimi Jahongir Artykhojaýewi wezipesinden boşatdym.

Men ony ýekşenbe gündäki maslahatda wezipesinden aýyrdym. Boş sözleri üçin, ýalan maglumaty, ýerlerdäki ýagdaýa aralaşyp bilmändigi üçin, bu binamysyň ýerden aýagy üzülendigi üçin, ony wezipesinden boşatdym» diýip, duşenbe günki irki maslahatda, prezident Şawkat Mirziýoýew mälim etdi.

Bu aralykda, Gazeta.uz internet neşiri öz çeşmelerine salgylanyp, özbek paýtagtynyň öňki häkimi Jahongir Artykhojaýewiň Özbegistanyň kanun goraýjy edaralary tarapyndan, Daşkendiň halkara howa menzilinde tutulan bolmagy mümkin diýip habar berdi.

"Öňki häkimiň maşgalasy bilen bilelikde, Uzbekistan Airways awiakompaniýasynyň HY 271 gatnawynda uçmak üçin, hasaba alnandygy habar berilýär, Türkiýäniň Stambul şäherine uçmaly reýs saklanypdyr. Uçuş 16-njy ýanwarda ir sagat 7:40-da geçirilmelidi" diýip, Gazeta.uz ýazýar.

Artykhojaýewiň wezipesinden boşadylmagy Özbegistanyň paýtagtynyň ýaşaýjylarynyň nägileliginiň artýan wagtyna gabat geldi.

Soňky birnäçe günüň dowamynda, Özbegistanda görülmedik sowuk dowam edýär, ol ýurduň tutuş energetika ulgamyny diýen ýaly ysmaz etdi. Diňe bir Özbegistanyň sebitlerinde däl, eýsem paýtagt Daşkentde hem energiýa we gaz üpjünçiligi doly hatardan çykdy.

Özbegistanyň obalarynda adamlar haýsydyr bir ýol bilen jan saklajak bolup, öýlerini peçleriň kömegi bilen ýyladýan bolsalar, köp gatly jaýlarda ýaşaýan paýtagtyň ýaşaýjylary doly çäresiz ýagdaýda galdylar.

Ilki başda Daşkentde tebigy gazyň berlişinde bökdençlikler ýüze çykypdy. Soňra elektrik energiýasy we gyzgyn suw bilen üpjünçiliginde hem ara kesilmeler bolup başlady.

Resmi maglumata görä, duşenbe günki geçen maslahatda, prezident Mirziýoýew "gyşa taýýarlyk görülmedigi üçin" ähli derejedäki şäher ýolbaşçylaryny tankytlapdyr.

“Adamlar gaz we elektrik üpjünçiliginden, jemgyýetçilik hyzmatlary gullugyndan närazy bolýarlar. Biz munuň baryny görýäris. Aýratynam Daşkentde ähli derejedäki ýolbaşçylarda taýýarlyk ýokdy. Ýurduň paýtagtynda gündelik 3 million kW-lyk çäk girizilendigine we 6 müň köpugurly sarp edijileriň gaz ulgamlarynyň kesilendigine garamazdan, 120 mähellede üpjünçiligiň ýokdugyny görýäris" diýip, prezident aýtdy.

Şawkat Mirziýoýew diňe 15-nji ýanwarda paýtagtda, 7 ýokary woltly transformatoryň, 524 sany pes woltly transformatoryň we 7 sany adaty transformatoryň hatardan çykandygyny mälim etdi.

Özbegistanyň prezidenti duşenbe güni Ýunusabat, Mirzo-Ulugbek we Üçtepa etraplarynyň häkimlerini wezipelerinden aýyrdy we olary wezipäni wagtlaýyn ýerine ýetiriji edip belledi. Mundan daşary-da, Energetika ministriniň orunbasary Şerzod Hojaýew we "Ýyladyş elektrik beketleri" önümçilik kärhanasynyň başlygy Farhod Abdurahmanow wezipelerinden boşadyldy. Döwlet baştutany şol gün milli howpsuzlyk gullugyna we Özbegistanyň Baş prokuraturasyna işden boşadylan resmileriň işlerini barlamagy hem olaryň işlerinde kanun bozulmalaryň halaty bar bolsa, berk jogapkärçilige çekmelidigini tabşyrdy.

Daşkent şäheriniň häkimi wezipesine wagtlaýyn ýerine ýetiriji hökmünde, Bahtiýor Rahmonow bellenildi, ol Jahongir Artykhojaýew döwründe, birinji orunbasar bolupdy.

Ýatlatsak, geçen hepde Jahongir Artykhojaýew aşa sowuk howanyň oňaýsyzlygy sebäpli, 5 günüň dowamynda, ilata mugt palaw paýlamak başlangyjy bilen çykyş etdi. Umumylykda, paýtagtyň 51 sany banket zallarynda, her günde 100 kilogram palaw taýýarlanyp, üpjünçiligi pes raýatlara, kommunal hyzmat işgärlerine, şeýle-de ýollardaky gözegçilige nobatçylyk çekýänlere paýlandy.

Emma Artykhojaýewiň mugt palaw paýlamak pikiri sosial ulgamlaryň özbek segmentinde berk tankyda duçar boldy. Sosial ulgamlary ulanyjylaryň köpüsi «Mugt palaw bermek – bu diňe adamlaryň ünsüni energiýa kynçylyklaryndan sowmak üçin edilen synanyşyk» diýip ýazdylar.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на 123ru.net


Новости 24/7 DirectAdvert - доход для вашего сайта



Частные объявления в Вашем городе, в Вашем регионе и в России



Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. "123 Новости" — абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Smi24.net — облегчённая версия старейшего обозревателя новостей 123ru.net. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city

Названы самые популярные автомобили у россиян

Коммунальные службы Подмосковья устранили более 20 подтоплений

Воплощение индивидуальности: дизайнерская одежда для мужчин

III класс пожарной опасности ожидается на территории Подмосковья 29-30 апреля

Музыкальные новости

Росгвардия обеспечила правопорядок во время футбольного матча «ЦСКА» - «Спартак» в Москве

«Поборол это гнусное чувство». Актер Галкин — о своей маленькой дочке, зависти и настоящей любви

«Спартак» набрал больше всех очков в играх с командами из верхней половины таблицы РПЛ

Сбер подарил Орлу умный светомузыкальный фонтан

Новости России

Воплощение индивидуальности: дизайнерская одежда для мужчин

"Цена взлетит в небо": эксперт объяснил, что стоит заранее купить россиянам

III класс пожарной опасности ожидается на территории Подмосковья 29-30 апреля

Володин: Финляндия наказала своих граждан закрытием КПП на границе с Россией

Экология в России и мире

Отдых во имя открытий

Более 100 студентов посетило СЛД Курск в рамках акции «Неделя без турникетов»

Радио Romantika приглашает погрузиться в мир киномузыки

В Москве состоится уникальный конкурс, сочетающий красоту и интеллект «Мисс Право»

Спорт в России и мире

Россиянка Михайлова стала чемпионкой Франции по настольному теннису

Мирра Андреева установила новый рекорд на турнирах WTA-1000

Вероника Кудерметова завершила выступление на турнире WTA в Мадриде

Самсонова победила Осаку и вышла в третий круг турнира WTA 1000 в Мадриде

Moscow.media

заканчиваеться неделя распродаж the week of sales ends

ИТ Альянс объявляет о графике работы в майские праздники

Военные следователи провели очередной рейд по бывшим мигрантам в городе Армянске Республики Крым

Военные следователи провели в Судаке проверку лиц, не вставших на воинский учет











Топ новостей на этот час

Rss.plus






Shot: машиной блогера Тамаева, который попал в ДТП, управлял другой человек

Исполнилось 100 лет со дня рождения Донатаса Баниониса

Раскрыты подробности о выявленных в клинике пластического хирурга Тимура Хайдарова нарушениях

Сегодня инспекторы ГИБДД дежурят на дорогах