Eýranda britan goşa raýatlygy bolan ençeme şahs tussag edildi
“Soňky protestleriň Britaniýa bilen ilteşikli esasy ýedi lideri, şol sanda goşa raýatlygy bolan şahslar, ýurdy terk etmekçi bolanda Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň aňtaw gullugy tarapyndan saklandy” diýip, beýanatda aýdylar.
Britaniýanyň Daşary işler ministrligi bu hadysa boýunça goşmaça maglumat toplaýandygyny aýtdy.
Sentýabryň ortalarynda Eýranda bir ýaş zenan Mahsa Amininiň baş örtgüsini “nädogry” geýendigi üçin saklanyp, soňra-da tussaglykda ýogalmagyndan soň, ýurtda köpçülikleýin protestler başlandy.