Добавить новость


World News in Turkmen
Ria.city


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer
Декабрь
2022
31

Новости за 26.12.2022

Azathabar.com 

Baýramçylygyň öňüsyrasynda, ýönekeý raýatlaryň şowhun-şagalaňy çäklendirilýär

Täze ýyl baýramçylygynyň öňüsyrasynda, şu günler häkimiýetler Mary welaýatynda kafeleriň we restoranlaryň iş tertibini çäklendirýär. Bu barada Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysy 26-njy dekabrda maglumat berdi. “Kafeler, barlar we restoranlar agşam sagat 8:30-dan soň, ýapylyp başlanýar. Agşam 9-dan soň, garbanyşhanalarda ýeke adam galmaly däl” diýip, maryly ýaşaýjylar aýdýarlar. Azatlyk Radiosynyň Mary sebitindäki habarçylary şu günler kafeleriň we restoranlaryň öňünde polisiýa işgärleriniň nobatçylyk çekýändiklerini habar berýärler. Читать дальше...

Azathabar.com 

Balkanabat-Türkmenbaşy ýolundaky ulag heläkçiliginde bäş adam öldi

25-nji dekabrda Türkmenistanyň günbatar sebitinde dörän ýol heläkçiliginde bäş adam öldi. Habarçymyz Balkanabat-Türkmenbaşy magistral ýoluň ugrunda dörän bu hadysa ýokary tizlik bilen gelýän ulaglaryň biriniň dolandyryşyny ýitirmeginiň sebäp bolandygyny, netijede üç ulagyň birek-biregi bilen çaknyşandygyny aýtdy. Heläk bolanlaryň şahsyýetini anyklap bolmady. Ýerli polisiýa Azatlygyň soraglaryny jogapsyz goýdy. Türkmen häkimiýetleri we habar serişdeleri, adatça bolşy ýaly, adam pidaly hadysa barada maglumat bermediler.

Azathabar.com 

Azat Adalga: Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda

Azat Adalga kanunyň hökmürowanlygynyň we hukuk habarlylygynyň ähmiýetinden ugur alyp, Türkmenistanyň hukuk namalarynyň käbir möhüm maddalaryny üns merkezine çekmegi maksat edinýär. Bu sanymyz “Telewideniýe we radiogepleşikler hakynda” kanunyň 5 maddasyna gönükdirilýär.

Azathabar.com 

“Talybanyň” aýal-gyzlaryň haklaryny çäklendirmegi barha köp tankytlanýar

Owganystanda “Talybanyň” aýal-gyzlaryň hem ýerli, hem-de halkara hökümete degişli däl guramalarda işlemegine gadagançylyk girizmek baradaky karary bilen bagly nägilelikler artýar. “Talyban” ýurtdaky hökümete degişli däl guramalara zenan işgärlerini gadagan etmäge çagyrdy, ýogsa-da olaryň ygtyýarlyklarynyň ýatyryljakdygy bilen haýbat atdy. Munuň netijesinde, daşary ýurtly azyndan dört topar Owganystandaky işlerini bes edýändigini yglan etdi. Günbatar “Talybanyň” aýal-gyzlar babatyndaky nobatdaky çäklendiriji kararyny ýazgardy. Читать дальше...

Azathabar.com 

Eýranda britan goşa raýatlygy bolan ençeme şahs tussag edildi

Eýranyň Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusy 25-nji dekabrda Britaniýa bilen ilteşikli ýedi adamy, şol sanda goşa raýatlygy bolan birnäçe şahsy tussag etdi. Ýerli medianyň maglumatyna görä, bu tussag etmeler ýurtda tutaşan hökümete garşy protestler bilen baglylykda amala aşyrylypdyr. “Soňky protestleriň Britaniýa bilen ilteşikli esasy ýedi lideri, şol sanda goşa raýatlygy bolan şahslar, ýurdy terk etmekçi bolanda Yslam Rewolýusiýa Sakçylary Korpusynyň aňtaw gullugy tarapyndan saklandy” diýip, beýanatda aýdylar. Читать дальше...

Azathabar.com 

Hytaý Taýwanyň giňişligine rekord derejedäki harby uçarlary ýollady

Hytaý soňky 24 sagadyň içinde Taýwanyň howa giňişligine özüniň 71 uçaryny ýollady diýip, Taýpeý 26-njy dekabrda mälim etdi. Bu bir günüň dowamynda ýurduň howa giňişligine ýollanan uçarlaryň iň ýokary görkezijisi boldy. Taýwanyň Milli goranyş ministrliginiň maglumatyna görä, 47 uçar Taýwan bogazynyň medianasyndan, ýagny orta çyzygyndan geçipdir. Mundan başga-da, Taýwanyň golaýynda Hytaýyň ýedi gämisi hasaba alyndy. Mundan bir gün öň, Hytaý Taýwan adalarynyň golaýynda türgenleşik hem geçirdi. Читать дальше...


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus