Добавить новость


World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Döwlet TW-si üçin köpçülikleýin çäreleriň nobatdakysy surata düşürildi

Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde täze ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Döwlet telewideniýesine wideo reportažlary öňünden taýýarlamak üçin geçirilen bu çärä býujet işgärleriniň, studentleriň we ýaşulularyň onlarçasy mejbury gatnaşdyryldy.


Azatlyk Radiosynyň sebitdäki habarçysynyň maglumatyna görä, dabara 5-nji dekabrda geçirilen bolsa-da, ol ​döwlet telewideniýesinde 12-nji dekabrda belleniljek Bitaraplyk baýramynda hamala şol güni geçirilen ýaly edilip görkeziler.


"Dabara welaýatyň döredijilik işgärleriniň onlarçasy hem gatnaşdy. Olar dürli aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler" diýip, habarçy belledi.




Türkmenistanda baýramçylyk we bag ekmek çäreleri, desgalaryň açylyş ýa-da "Ak kerwen" dabaralary köplenç döwlet telewideniýesi üçin öňünden surata düşürilýär. Bulara gatnaşdyrylýan raýatlar birmeňzeş eginbaşlary geýmäge, emeli ýylgyrmaga, wagtly-wagtynda el çarpmaga we baýramçylyk şowhunyna goşulmaga mejbur edilýärler.


Habarçymyz Azatlyk etrapçasynyň ‘Arkadag’ köçesindäki, aeroporta barýan ýoluň ugrunda galdyrylan toplumyň açylyş dabarasynda hem ýokarda aýdylanlaryň gaýtalanandygyny aýtdy.


Bir müň 200 kwartiradan we dört gatly 40 sany ýaşaýyş jaýyndan ybarat toplumyň gurluşygy geçen aýyň başynda tamamlandy. Toplum Lebabyň döwlete degişli gurluşyk edaralarynyň, ýagny Türkmenabadyň demirbeton kärhanasynyň, Zergeriň “Demirbetonönümleri” zawodynyň dagy gatnaşmagynda guruldy.


"Bu toplumdaky jaýlaryň 500 töweregi satyldy, galan 700 töweregi heniz hem satylmady. Toplum şäheriň çetinde ýerleşýändigi we onuň daş-töweregi gum bilen örtülendigi sebäpli onuň hyrydary az. Bu ýere barmak we gaýtmak hem problema" diýip, welaýat häkimligindäki çeşmämiz aýtdy.


Şol bir wagtda, ol bu toplumdan häkimlikde jaý nobatyna duran mümkinçiligi çäkli raýatlara jaý berilmeýändigini hem sözüne goşdy.




Azatlyk bu aýdylanlar barada welaýat häkimliginden kommentariýa alyp bilmedi.


Agzalýan toplum barada mundan ozal hem ençeme gezek maglumat gelip gowuşdy. Geçen aýyň ortalarynda habarçylarymyz býujet işgärleriniň toplumy ulanyşa taýýarlamak işlerine, otaglaryň içini, äpişgeleri, gapylary, pollary we girelgeleri ýuwmak işine çekilýändigini aýtdylar.


2-nji noýabrda bolsa, häkimiýetleriň edara-kärhanalarda gurluşyk işlerinden başy çykýan býujetçileri toplumdaky jaýlaryň içerki timarlaýyş işlerine çekýändigi mälim boldy.


Türkmen häkimiýetleri döwlet syýasatyny dabaralandyrmak üçin geçirilýän köpçülikleýin çärelere býujet işgärlerini yzygiderli çekýärler. Olar wezipe borçlaryndan başga-da, arassaçylyk işlerini berjaý etmäge, köçeleri süpürmäge, ýüpek gurçugyna ideg etmäge we pagta ýygymyna gatnaşmaga mejbur edilýärler.




Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.


Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPN ulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus