Mýanma harbylary baýramçylygyň öňünden 6000 tussagyň günäsini geçdi
Türmeden boşadylan daşary ýurtlularyň arasynda awstraliýaly ykdysatçy, Mýanmaryň döwlet geňeşçisi Aung San Su Çiniň ykdysady syýasat boýunça öňki maslahatçysy Şon Ternell, öňki britan ilçisi Wikki Bowman, amerikan botanigi Kyaw Htaý Oo we ýaponiýaly žurnalist Toru Kubota bar.
Kubota awgust aýynda ýurduň ýolbaşçylaryna garşy geçirilen protesti surata alýan mahaly tussag edildi.
2021-nji ýylyň 1-nji fewralynda Mýanmada döwlet agdarylyşygy boldy. Harbylar ýurduň de-fakto premýer-ministr we Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýesi Aung San Su Çiniň ýolbaşçylygynda saýlanan hökümetini agdardy.