Добавить новость
World News in Turkmen


Новости сегодня

Новости от TheMoneytizer

Türkmenistan raýatlaryň ählisi üçin iş we sosial adalatlylyk şertlerini döredýändigini aýdýar

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ministriň orunbasary Wepa Hajiýew bilen Halkara Zähmet Guramasynyň (HZG) Zähmet standartlary departamentiniň direktory Korin Warganyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiniň arasynda duşuşyk geçirildi.


Duşuşykda Türkmenistanyň, HZG-nyň agzasy bolmak bilen, raýatlaryň ählisine mynasyp iş we sosial adalatlylyk şertlerini döretmek syýasatynda ygrarlydygy bellendi diýip, Türkmen DIM-niň web sahypasynda 14-nji noýabrda çap edilen habarda aýdylýar.


Taraplar Türkmenistanyň halkara konwensiýalaryna we köptaraplaýyn şertnamalara, şol sanda Halkara Hyzmatdaşlyk Guramasynyň halkara resminamalaryna goşulmagyny ara alyp maslahatlaşdylar.


Habarda Türkmenistanyň Esasy konwensiýalaryň ählisine, ýol görkeziji 4 konwensiýanyň 2-sine we 1 tehniki konwensiýa goşulandygy bellenýär. Şeýle-de, bu ugurdaky işleriň dowam edýändigi aýdylýar.


Häzirki wagtda hökümet ýene bir ýol görkeziji konwensiýa - senagatda we söwdada zähmet barlagy baradaky 81-nji konwensiýa goşulmak meselesini öwrenýär.


Habarda HZG-niň ýokary derejeli hünärmenleriniň Türkmenistanyň sebitlerine gidip, ýerli häkimiýetler bilen hem duşuşjakdygy aýdylýar.


Türkmenistan ýurtdaky işsizligiň derjesini, mejbury zähmetiň saklanyp galýandygyny, iş ýerlerinde ýol berilýän adalatsyzlyklar barada aýdylýanlary resmi taýdan ykrar etmeýär.




 

Читайте на сайте


Smi24.net — ежеминутные новости с ежедневным архивом. Только у нас — все главные новости дня без политической цензуры. Абсолютно все точки зрения, трезвая аналитика, цивилизованные споры и обсуждения без взаимных обвинений и оскорблений. Помните, что не у всех точка зрения совпадает с Вашей. Уважайте мнение других, даже если Вы отстаиваете свой взгляд и свою позицию. Мы не навязываем Вам своё видение, мы даём Вам срез событий дня без цензуры и без купюр. Новости, какие они есть —онлайн с поминутным архивом по всем городам и регионам России, Украины, Белоруссии и Абхазии. Smi24.net — живые новости в живом эфире! Быстрый поиск от Smi24.net — это не только возможность первым узнать, но и преимущество сообщить срочные новости мгновенно на любом языке мира и быть услышанным тут же. В любую минуту Вы можете добавить свою новость - здесь.




Новости от наших партнёров в Вашем городе

Ria.city
Музыкальные новости
Новости России
Экология в России и мире
Спорт в России и мире
Moscow.media










Топ новостей на этот час

Rss.plus